2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Abbas Arakçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy bilen birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdiler.
Şunuň bilen birlikde, A. Arakçi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Eýranyň çagalaryna iberilen ynsanperwer kömek üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi hem-de bu hoşniýetli we ynsanperwer kömegiň ähmiýetini aýratyn nygtady.