Ï Türkmenistanyň energetika strategiýasy — sebitde durnukly ösüşiň möhüm şerti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň energetika strategiýasy — sebitde durnukly ösüşiň möhüm şerti

view-icon 79

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesine laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasat halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ähli ugurlarda bolşy ýaly, elektroenergetika pudagynda hem belent sepgitlere ýetilýär.

Türkmenistanyň elektroenergetika syýasaty çig mal eksportyndan çuňňur gaýtadan işlenilen önümleriň we elektrik energiýasynyň eksportyna geçmek ýaly diwersifikasiýanyň düýpli ýörelgesine esaslanýar. Pudagy ösdürmäge ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bilen, soňky ýyllarda energetika toplumynyň önümçilik kuwwaty ep-esli artdy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň içerki isleglerini kanagatlandyrmaga däl, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini-de ýylsaýyn artdyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde ýurdumyz Merkezi we Günorta Aziýa sebitleri üçin durnukly energetika köprüsi bolup hyzmat edip, ykdysady integrasiýany, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary, paýlaýjy elektrik beketleri işe girizildi. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň içindäki paýlaýjy ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň elektrik ulgamyny halkalaýyn birikdirmek boýunça tapgyrlaýyn amala aşyrylan taslamanyň netijesinde ýurdumyzyň bir bitewi energiýa halkasy döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça milli we halkara ähmiýetli bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň ilkinji tapgyry 2021-nji ýylyň oktýabrynda üstünlikli işe girizilen Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurluşygyndan ybarat boldy. Mary — Ahal ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurluşygy hem gysga wagtda tamamlanyp, 2023-nji ýylyň noýabrynda ulanmaga berildi. 2024-nji ýylda onuň üçünji bölegi bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze elektrik geçirijisi işe girizildi. Bu inženerçilik çözgüdi sebitleriň arasynda energiýanyň dessin gaýtadan paýlanylmagyna mümkinçilik berýär hem-de ýurdumyzyň islendik ýerinde senagat desgalaryna, ýaşaýyş jaýlaryna elektrik energiýasynyň üznüksiz ýetirilmegini kepillendirýär.

Täze tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak esasynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly, Türkmenistan häzirki döwürde bu ugurda işjeň syýasaty alyp barýar. Ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlar, halkara guramalar, öňdebaryjy kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda gurluşygy alnyp barylýan, kuwwaty 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasy hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi günbatar sebiti elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek bilen bir hatarda, Watanymyzyň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, täze eksport ugurlaryny açmaga, goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyna ISO14001 ekologiýa menejmentiniň standartlary işjeň ornaşdyrylýar. Elektrik stansiýalarynyň töwereginde howanyň hiline awtomatik usulda gözegçilik geçirilip, maglumatlar degişli gulluklara iberilýär. Şeýle çemeleşme ýurduň senagat ösüşiniň ekologik talaplar bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär. Energetika taslamalarynyň logistika bölegi elektrik enjamlaryny öndürmek üçin ýerli kärhanalaryň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Ýurdumyzda döwrebap transformatorlaryň, kabel önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu ulgamda zerur bolan daşary ýurt harytlarynyň özümizde öndürilmegi milli elektronika senagatyny ösdürmäge goşant goşýar.

Täze, döwrebap elektrik stansiýalaryny gurmak bilen bir hatarda, ozal hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmaga hem uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň energetika kuwwatlyklaryny artdyrmaga, onuň dünýäniň energiýa ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagyna ýardam berýär. Sebitde iri elektrik energiýasyny öndürýän merkez bolan Mary döwlet elektrik stansiýasy (DES) munuň aýdyň mysalydyr. Ol ýurdumyzyň energetika kuwwatynyň esasy sütünleriniň biri bolmagynda galýar.

“General Electric”, “Sumitomo Corporation” ýaly dünýä belli kompaniýalar bilen tehnologik hyzmatdaşlyk Türkmenistana elektrik geçiriji torlaryň sanly dolandyryş ulgamlaryny (Smart Grid) ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň döwrebap podstansiýalarynda rele goragynyň, awtomatikanyň mikroprosessor ulgamlary ornaşdyrylýar. Bu bolsa elektrik energiýasy uzak aralyklara iberilende näsazlyk töwekgelçiligini we energiýa ýitgisini peseldýär.

2021-nji ýylda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde kuwwatlylygy 432 megawat bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagyna, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişiniň möçberini artdyrmaga ýardam etdi. Gaz turbina tehnologiýalaryny ösdürmek bilen bir hatarda, önümçiligiň ekologiýa ugruna aýratyn üns berilýär. Täze stansiýalary gurmak boýunça taslamalar azot oksidiniň, kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny peseltmegi göz öňünde tutmak bilen amala aşyrylýar.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň “Arkadagyň ak ýoly bilen” diýlip atlandyrylýan böleginiň ugrunda energetika infrastrukturasynyň ösdürilmegi täze senagat zolaklaryny döretmekde giň mümkinçilikleri açýar. Gaz geçirijiniň ugrunda durnukly we elýeterli elektrik energiýasynyň bolmagy maýadarlary Owganystanda gaýtadan işleýän zawodlary gurmaga höweslendirýär. Munuň özi Türkmenistanyň goňşy döwletiň ykdysadyýetini dikeltmäge goşýan goşandydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamy Merkezi Aziýanyň birleşen elektrik ulgamy bilen ýakyn utgaşykda işläp, ol ýurdumyza sebitde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ägirt uly energiýa mümkinçilikleri bilen bilelikde, Türkmenistany sebit durnuklylygynyň aýrylmaz bölegine öwürýär.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn, ylym-bilim binýadyny pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda energetika pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Ýaş inženerler kuwwatly energiýa bloklaryny, turbinalary sanly ulgam arkaly dolandyrmagy tejribede öwrenýärler. Halkara bilim standartlarynyň ornaşdyrylmagy beketlerdäki çylşyrymly enjamlary dolandyrýan ýaş hünärmenleriň täze neslini kemala getirmäge ýardam berýär.

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak, onuň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, şol sanda energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu ýerde öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda “General Electric” kompaniýasynyň gaz turbinalary abatlanylýar hem-de olara hyzmat edilýär. Ähli işler ýokary hil derejesinde, ekologik kadalaryň berk berjaý edilmeginde ýerine ýetirilýär. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda gurlan bu merkez Merkezi Aziýada bu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş desgasydyr. Şeýle iri taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Elektroenergetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, tebigy gazdan öndürilýän elektrik energiýasynyň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagy türkmen elektrik energiýasynyň sebitiň energetika bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýär. Ol durmuş-ykdysady maksatnamalara uly maýa goýumlary gönükdirmäge, ýokary tehnologiýaly senagat pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen, daşky gurşawy goramak meselesine jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Şoňa görä, serişde tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasy ugurlarynyň biridir.

Gün panelleri we ykjam ýel turbinalary Garagum sährasyndaky öri meýdanlaryny, ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. Munuň özi ýurdumyzyň ägirt uly çägini göz öňünde tutmak bilen, ilaty elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge köpugurly çemeleşmäniň aýdyň mysalydyr.

Häzirki wagtda dünýäniň energetika bazarynda wodoroda geljegiň ýangyjy we uglerod bitaraplygyny gazanmagyň esasy guraly hökmünde garalýar. Bilermenleriň bellemeklerine görä, 2050-nji ýyla çenli dünýäniň energetika bazarynda wodorodyň paýynyň 12 — 15 göterime ýetmegine garaşylýar. Bu bolsa tehnologik özgertmeleri amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji ýerde durýan Türkmenistan bu ählumumy işde işjeň orny eýelemäge çalyşýar. Kuwwatly wodorod klasterini döretmek milli energetika pudagyny ösdürmegiň geljekki ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz halkara forumlarda, şol sanda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” formatyndaky sammitde Türkmenistanyň wodorod energiýasynyň ählumumy bazaryny döretmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň howandarlygynda 2030 — 2040-njy ýyllar döwri üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça teklibi bu ugurda möhüm başlangyçlaryň biridir.

Ýurdumyzda wodorod energetikasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” kabul edilip, ol yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýanynda ugurdaş merkeziň döredilmegi bu ugurda wajyp ädim boldy. Merkezde Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we kompaniýalary bilen bilelikde tebigy gazy plazmohimiýa usuly arkaly gaýtadan işlemek boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär, şeýle hem arassa wodorody almak üçin suwuň elektroliziniň tehnologiýalary işlenip taýýarlanylýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň, tebigy gazyň ägirt uly gorlary ýurdumyzda ýaşyl we mawy wodorody öndürmek üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda Ýaponiýanyň, Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary bilen ilkinji synag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýlelikde, wodorod pudagynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bir hatarda, täze ýokary tehnologiýaly iş orunlaryny döretmäge, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam berer.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy barha ilerledilýär. Ýurdumyzyň energiýanyň ygtybarly daşalmagyny üpjün etmek boýunça başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda beýanyny tapýar. Munuň özi energetika eksportynyň täze, has durnukly we ygtybarly ulgamynyň arhitektory hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.