Şu gün Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Diýarymyzyň ähli sebitlerinden medeniýet ulgamynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ýolbaşçylary we işgärleri, dessançy bagşylar, sungaty öwrenijiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dessanlar halkyň durmuşyny, gahrymançylykly ýoluny, arzuwlaryny, taryhy wakalary beýan edýän uly göwrümli halk döredijilik eserleridir. Olar diňe bir edebi miras däl, eýsem, dessançy bagşylar arkaly halkyň milli ruhy, aň-düşünjesi, watançylyk duýgulary nesilden-nesle ýetirilýän özboluşly milli gymmatlykdyr. Häzirki döwürde milli mirasymyza buýsanjy, gyzyklanmalary artdyrmagyň möhüm wezipesi hökmünde dessanlary öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde wagyz etmek meselesine uly ähmiýet berilýär. Şu gezekki festiwalyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde — bagşyçylyk sungatynyň ösen künjeginde geçirilmegi hem muny doly tassyklaýar.

Festiwalyň medeni maksatnamasy çärelere baýdygy bilen tapawutlanýar. Açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyz, hususan-da, bagşyçylyk ýolunyň taryhyna we häzirki döwürde mynasyp ösdürilişine bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar. Onda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi dünýäde wagyz etmekde gymmatly gollanmalara öwrülen eserlerine hem aýratyn orun berildi.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde milli medeniýetimizi dünýäde wagyz etmek, onuň köp sanly gymmatlyklaryny adamzadyň medeni mirasynyň hazynasyna goşmak bilen bagly durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada durup geçdiler. Şunda halk aýdymlarynyň, şol sanda dessanlaryň ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekdäki ähmiýetine üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, halkymyz “Gorkut ata”, “Görogly”, “Şasenem-Garyp”, “Leýli-Mejnun”, “Ýusup-Ahmet” ýaly dessanlar arkaly Watana wepalylyk, gahrymançylyk, dostluk, mertlik, ynsanperwerlik häsiýetlerini nesilleriň kalbyna guýupdyrlar. Goşgy bilen kyssanyň sazlaşykly utgaşmasy türkmen dessanlarynyň özboluşly aýratynlygydyr. Bagşylaryň oňa saz goşup, täsirli dilde beýan etmek ýoluny döretmekleri bu mirasyň milli medeniýetde ebedi gymmatlyga öwrülmegine şert döredipdir.

Türkmenistan 2011-nji ýylda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. Şondan bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek, milli gymmatlyklarymyzy guramanyň abraýly sanawyna girizmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň hödürnamasy boýunça «Görogly» dessançylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2017-nji ýylda «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, 2021-nji ýylda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň bu abraýly sanawa girizilmegi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren bagşyçylyk sungatynyň we dessan aýtmak däpleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini, olaryň umumadamzat medeniýetinde aýratyn orun eýeleýändigini görkezen möhüm wakalar boldy.

Bagşyçylyk, dessançylyk däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegi ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlan döwrebap medeni merkezler, olarda döredilen ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýat ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy we kämilleşmegi üçin uly ähmiýete eýedir. Her ýylda geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýaşlaryň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetimize gyzyklanmalaryny artdyrmaga şert döredýär.
...Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti» ýaly kitaplarynyň ähmiýeti barada-da giňişleýin durup geçdiler. Dabara Diýarymyzyň welaýatlarynyň dessançy bagşylarynyň konserti bilen utgaşyklylykda dowam etdi. Bu, öz gezeginde, ýurdumyzyň her sebitine mahsus dessançylyk däpleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Olaryň bilelikde ýerine ýetiren, bagtyýarlyk döwrümizi wasp edýän joşgunly aýdymy gatnaşyjylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Günüň ikinji ýarymynda Şabat etrabynyň Dilewar geňeşliginiň Altyn ýol oba medeniýet öýünde «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda bagşyçylyk we dessançylyk sungatynyň ösüşi, häzirki zaman usullar bilen baýlaşdyrylyşy baradaky çykyşlar diňlenildi. Nygtalyşy ýaly, bagşylar söz bilen sazyň sazlaşygy arkaly halkyň kalbyna ýol açýan ussatlardyr. Döwürleriň üýtgemegine, ulgamlaryň täzelenilmegine, garaýyşlaryň özgermegine garamazdan, bagşylar, bagşyçylyk sungaty, dutardyr gyjak türkmen halkynyň durmuşynda, şat we gaýgyly gününde üýtgewsiz orun alyp gelen gymmatly mirasymyzdyr. Bagşyçylyk, edil ene dilimiz ýaly, halkymyzyň taryhy durmuşyny şöhlelendirýän gadymy sungatlaryň biridir. Mälim bolşy ýaly, türkmenler özboluşly medeniýeti, bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasy, milli we ruhy gymmatlyklary döreden, ajaýyp däp-dessurlary bilen dünýäde giňden tanalýan dörediji halkdyr.

Maslahatda dessançylyk ýolunyň ussat halypalary, türkmen dessanlarynyň kino sungatyndaky orny, olaryň aýdylyş usullary barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de ussat dessançy bagşylar halk dessanlaryndan parçalary ýerine ýetirdiler.
Festiwalyň birinji gününiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň baý taryhyna, maddy we medeni mirasynyň aýratynlyklaryna degişli gymmatlyklar gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Agşam festiwala gatnaşyjylar Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan sahnalaşdyrylan «Goly sazly, tili sözli Görogly» atly sahna oýnuna tomaşa etdiler.

Medeni çäräniň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar sebitiň bagşyçylyk sungatyna degişli taryhy ýerlerine baryp görerler. Şolaryň hatarynda halk döredijiliginde köp ýatlanylýan Aşyk Aýdyň piriň ýadygärligi, Daşoguz şäherindäki Bagşylar muzeýi hem bar. 1992-nji ýylda döredilen muzeýiň gaznasynda aýdym-saz sungatyna degişli köp sanly gymmatlyklar, edebiýatlar saklanýar. Ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek «Bagşy dessan aýdanda» atly konsert gadymy mirasymyzyň köpugurly aýdylyş aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Festiwalyň çäklerinde halypa dessançylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, milli bagşyçylyk we dessançylyk sungatynda yz goýan şahsyýetleriň döredijiligine bagyşlanan duşuşygyň guralmagy meýilleşdirilýär. Festiwalyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylara diplom we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Umuman, bu festiwal milli medeniýetimiziň dessançylyk däplerini çuňňur öwrenmekde we wagyz etmekde ähmiýetli çärä öwrüler.