2026-njy ýylyň 25-nji martynda Koreýa Respublikasynyň Hankuk daşary ýurt bilimleri uniwersitetinde (HUFS) Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Bu maslahata Koreýa Respublikasynyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Seulda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we diplomatlary, Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we talyplary, şol sanda bu ýurtda bilim alýan türkmen talyp ýaşlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew çykyş edip, ol Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda gazanan üstünlikleri, şeýle hem BMG tarapyndan birnäçe gezek ykrar edilen hemişelik oňyn bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti barada aýratyn nygtady.
Ilçi çärä gatnaşyjylary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby bilen tanyşdyrdy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Ilçi bu ýylyň şygarynyň Koreýa Respublikasynda giňden bellenilýän «Byeong-o» ýagny «Otly at» ýyly bilen gabat gelmeginiň aýratyn alamata eýedigini belledi.
Soňra açylyş sözi bilen Hankuk daşary ýurt bilimleri uniwersitetiniň professory jenap Kim Bongçul çykyş edip, Türkmenistan bilen ylym-bilim ugrunda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hakynda durup geçdi.
«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory jenap Ri Jon-kuk öz çykyşynda ýurdumyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berip, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ilkinji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammiti barada gürrüň berdi.
Maslahatyň «Türkmenistanyň we Koreýanyň hyzmatdaşlygynyň taryhy» atly ikinji bölüminde Koreýa Respublikasynyň Joongbu uniwersitetiniň professory jenap Mehmet Fatih Öztarsu we Koreýa Respublikasynyň BMG Assosiasiýasynyň (UNA-ROK) Baş sekretarynyň orunbasary hanym Danbi Kim çykyş etdiler.
Halkara maslahatyň çäklerinde türkmen milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem guraldy. Myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.