Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz uly gurluşyk meýdanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň senagat we gurluşyk düzümini barha ýokarlandyrmakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli döwrebap tehnologiýaly kärhanalaryň sany barha artýar. Mary welaýatyndaky Demir mehaniki kärhanasynda-da işler sazlaşykly guralyp, kärhana döwletimiziň ykdysady taýdan ýokarlanmagyna saldamly goşant goşýar.
Kärhana üç bölümden ybarat bolup, olaryň ikisi önümçilik we kömekçi bölümi bolup durýar. Kömekçi bölümde kärhananyň enjamlaryna zerur bolan abatlaýyş hem bejeriş işleri geçirilýär. Bu ýerde ýokary basyşly elektrik geçirijileriň polat sütünleri ýaly demir gurnawlarynyň onlarça görnüşleri, ýurdumyzyň senagat pudagynda ulanylýan dürli görnüşli ätiýaçlyk şaýlary, agramy 3 tonna çenli bolan çoýundan we reňkli metallardan guýma önümleri öndürilýär. Kärhananyň agzybir, zähmetsöýer işçileri kärhananyň ykdysady görkezijileriniň barha ýokarlanmagy ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Olaryň iş depginleriniň barha öňe ilerleýändigini bolsa önümçilikde gazanylýan üstünlikler, alnyp barylýan işler aýdyň görkezýär.
Demir mehaniki kärhanasy 2025-nji ýyly ýokary görkezijiler bilen jemledi. Geçen ýylyň netijeleri boýunça bellenilen meýilnama 103.3 göterim ýerine ýetirildi. Bu bolsa 2024-nji ýylyn degişli döwri bilen deňeşdirilende 100,5 göterim ösüş gazanylandygyny görkezýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrylan 2026-njy ýylyň başyndan bäri gazanylan netijeler hem bellenilmäge mynasypdyr. Hünärmenleriň bellemegine görä esasan-da kärhanada lagym suw geçirijileriň çelekleri üçin guýma gapaklar öndürilýär.
Kärhananyň gaýratly işçileri enjamlaryň sazlaşykly işläp, önümçiligiň bökdençsiz dowam etdirilmegi üçin yhlaslaryny gaýgyranoklar. Bu bolsa senagat pudagynyň möhüm ähmiýetli giň göwrümli işleriniň ösmegine uly goşant bolup durýar.