Ï Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: Hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: Hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

view-icon 208
Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: Hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri
Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: Hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri
Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: Hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri
Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: Hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

Ýakynda paý­tag­ty­myz­da­ky «Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­syn­da Türk­me­nis­tan bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da kö­pu­gur­ly dia­lo­gy gi­ňelt­me­giň çäk­le­rin­de «Öza­ra bag­la­ny­şy­gy ös­dür­mek, ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek bo­ýun­ça tä­ze göz­ýe­tim­ler» at­ly işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu çärä «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde strategik hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin, Türkmenistanyň Hökümetiniň, ÝB-niň diplomatik işgärleriniň, halkara maliýe edaralarynyň we öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň maksatnamasy işewürlik ýagdaýyny gowulandyrmak, ulag baglanyşygy, ýaşyllyga geçiş we dekarbonizasiýa ýaly ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan mowzuklar boýunça toparlara bölündi.

Forumyň dowamynda GIZ-iň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Ýoahim Frits şeýle diýdi: «Biziň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyz hil taýdan täze derejä çykýar, bu ýerde ekologiýa gün tertibi we ykdysady ösüş aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu forum diplomatik gepleşikleri sebit üçin durnukly geljegiň binýadyny goýjak anyk maýa goýum taslamalaryna öwürmek üçin özboluşly ýerlige öwrüldi.»

Forumyň dabaraly böleginde iki sany resminama gol çekildi. Türkmenistanyň Energetika ministrligi, «Türmengaz» döwlet konserni we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti bolan «Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ) GmbH» arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama üýtgetmeler girizmek baradaky Teswirnama, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen GIZ jemgyýetiniň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama üýtgetmeler girizmek baradaky Teswirnama gol çekildi.

Çäräniň ahyrynda metbugat mejlisi we birnäçe işewür duşuşyklar boldy, onda çärä gatnaşýanlar bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin, anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.