Ï Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geljekki ussat konkurçylar taýýarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geljekki ussat konkurçylar taýýarlanýar

view-icon 119
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geljekki ussat konkurçylar taýýarlanýar
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geljekki ussat konkurçylar taýýarlanýar
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geljekki ussat konkurçylar taýýarlanýar
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geljekki ussat konkurçylar taýýarlanýar
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geljekki ussat konkurçylar taýýarlanýar
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geljekki ussat konkurçylar taýýarlanýar
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanda ýazky at çapyşyk möwsümi – her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramyny buşlaýan täsirli waka başlandy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda ahalteke atlary janly rowaýatdyklaryny we türkmen halkynyň hakyky buýsanjydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.

Eýsem-de bolsa, bu behişdi bedewleriň gözelligi diňe uzakdan synlamaly zat däl. Bu gün her ýetginjekde olary ýakyndan tanamak mümkinçiligi bar.

Aşgabadyň atçylyk merkezinde ýetginjekler üçin at münme sport gurnagy işleýär. Konkur ýaryşynyň ýurt boýunça baýrakçysy Fagilýa Zaripowanyň tälimçiligi astynda çagalar eýerde ynamly oturmagy öwrenýärler, atçylyk sportunda ilkinji ädimlerini ädýärler, bedewlere çemeleşmegiň we olara ideg etmegiň ýollaryny özleşdirýärler.

Öwrenjelikden uly sporta barýan ýoly geçmek wagt we yhlas talap edýär. Belli bir möhletli türgenleşikden soň, çapyksuwarlar orta we uly toparlara geçýärler, soňra olar üçin iň gowy at ýaryşlarynyň geçirilýän esasy sahna ýol açylýar.

Ýaşlyklaryna garamazdan, gurnagyň tälimçileriniň eýýäm esli tejribesi bar. Fagilýa Zaripowanyň özi atçylyk sportuna aňly-düşünjeli geldi we yzygiderli türgenleşikleriň netijesinde gysga wagtyň içinde uly üstünliklere ýetmegi başardy. Geçen ýyl konkur ýaryşynyň baýragyny alan Yhlas Çopanow hem özi barada gürrüň berdi.

Ol ilkinji gezek aýlawa dört ýaşyndaka barypdyr we indi 14 ýyl bäri türgenleşmek bilen, üstünlikli türgen we ýaş nesil üçin tälimçi boldy. Bu işde halypa-şägirt usulynyň orny uly. Aty bakyp-bejermegiň, seýislemegiň we tälim bermegiň syrlaryny diňe ömrüniň köp bölegini bu işe bagyşlan adamlar öwredip bilerler.

– Meniň atşynas bolup ýetişmegimde halypalarym tälimçi Begli Garajaýewiň we konkur boýunça türgen Nikolaý Beglarýanyň hyzmaty uly, men hemişe şolar ýaly bolmaga çalyşýardym – diýip, Yhlas Çopanow aýdýar. – Men şu käri saýlanyma ökünmeýärin. Konkurda beden gurluşyndanam beter çakganlyk, türgenlik we matematiki hasaplama, şeýle hem fizikanyň kanunlaryny bilmek has möhümdir. Şonuň üçin sportuň bu görnüşi bilen, edil küşt ýaly, oglanlaram, gyzlaram meşgullanyp bilerler.

Türgeniň aýtmagyna görä, her bir bedew özboluşly çemeleşme talap edýär. Aty böküşe nähili taýýarlanýandygyny öwrenmek we düşünmek möhümdir – käbir atlar päsgelçilige has ýakynlaşmaly, käbirleri bolsa bu işe has ir taýýarlanyp başlaýarlar.

Her bir türgenleşik aragatnaşykdan başlanýar. Türgen aty ýuwmaly, arassalamaly, diňe şondan soň eýerlemeli. Ilki jul atylýa, ýüň örtük, çekili eýer we jylaw dakylýar. Çapyksuwarlar diňe şondan soň aty gordurmak üçin, meýdança çykýarlar. Gurnakda dersler hepdede üç gezek geçirilýär.

Oňa ýazylmak üçin, belli bir resminamalar toplumyny taýýarlamaly. Has giňişleýin maglumat üçin, Aşgabat atçylyk merkeziniň edarasy bilen gönüden-göni habarlaşyp bilersiňiz.

Konkur ýörite meýdançada 0,8 metrden 2,2 metre çenli beýiklikdäki päsgelçiliklerden geçmegi öz içine alýan olimpiýa atçylyk sportudyr. Bu çagalar üçin meşhur ugur bolup, sazlaşygy, jogap hereketini we edermenligi ösdürýär. Türgeniň maksady aralygy nogsansyz, jerimesiz we bellenen wagtda geçmekdir.