Ï «Bereketli» hojalyk jemgyýetiniň ýokary hilli şöhlat önümleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Bereketli» hojalyk jemgyýetiniň ýokary hilli şöhlat önümleri

view-icon 79
«Bereketli» hojalyk jemgyýetiniň ýokary hilli şöhlat önümleri

«Bereketli» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda et we ýarym taýýar önümleri öndürijileriň öňdebaryjylarynyň biridir we ilat üçin ýokary hilli önümleriň elýeterliligini gazanmaga gönükdirilendir.

Aşgabatda ýerleşýän söwda nokatlarynda dürli şöhlat önümleriniň görnüşi, kakadylan et önümleri, towuk dolamasy, towuk bölekleri ýaly giň görnüşli önümler hödürlenýär. Dükanlar döwrebap sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen. Bu bolsa et önümleriniň talabalaýyk saklanmagyna kömek edýär.

«Bereketli» haryt nyşanly şöhlat önümleri tanalýan görnüşleriň biri bolup, ol dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Olaryň önümçiliginde zyýanly himiki goşundylar ulanylmaýar. Kompaniýanyň şöhlatlary, ýarym taýýar önümleri, hamyr önümlerini we buglanyp gaplanan etleri öz içine alýan önümçiligi hoşboý ysy we süýji tagamy bilen häsiýetlendirilýär, bu bolsa alyjylaryň isleginiň ýokary bolmagyny üpjün edýär.

Şeýle-de «Bereketli» hojalyk jemgyýetiniň düzüminde çaý fabrigi hereket edip, çaýlar göze gelüwli gaplarda alyjylara ýetirilýär.

Önümçiligiň ýokary hilliligi güýçli önümçilik binýady we 1992-nji ýyldan bäri toplan tejribesiniň kömegi bilen üpjün edilýär. Bu ýerde önümçilik öňdebaryjy dünýä öndürijileriniň tehnologiýalaryny ulanmakda durmuşa geçirilýär, bu bolsa «Bereketli» hojalyk jemgyýetine halkara meýdançasyna çykmagyna ýardam etdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy hökmünde «Bereketli» hojalyk jemgyýeti ýurduň azyk bolçulygyna we ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 18 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergide hojalyk jemgyýeti üstünlikli ösüp barýan öndürijidigini tassyklady.