Ï Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda

view-icon 94
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda alyp barýan daşary syýasatynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýolunda möhüm çäredir. Mejlise Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar.

Mejlisde bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda işleri üstünlikli alyp barmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Geňeşiň çäklerinde ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer syýasat babatda hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagta çenli onuň dört mejlisi geçirildi. Ýakynda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, bu geňeşiň mejlisini ýokary derejede geçirmek barada tabşyryk bermegi onuň möhüm ähmiýetini aýdyň ýüze çykarýar.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamak meselesine seredildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede amala aşyryp başlady. Şeýle hem DÖM-ni durmuşa geçirmek we degişli hasabatlary taýýarlamak boýunça pudagara topar döredildi. Bu ugurda ýurdumyzyň ilkinji Meýletin milli synyny taýýarlamak maksady bilen, türkmen wekiliýeti 2018-nji ýylda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (ECOSOC) howandarlygynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Syýasy forumyň işine gatnaşdy. Şonuň netijesinde, 2019-njy we 2023-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Syýasy forumlarynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan birinji we ikinji Meýletin milli synlar hödürlenildi. Bu işleri ulgamlaýyn esasda dowam etdirmek üçin häzirki wagtda üçünji Meýletin milli synyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Olaryň esasy ugurlaryna strategik maslahat beriş geňeşiniň şu gezekki mejlisiniň çäklerinde seredildi.

Mejlise gatnaşyjylar BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde metan zyňyndylaryny azaltmak, ýaşlar syýasaty ugurlarynda hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 2023-nji ýylda Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji mejlisinde Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, metan zyňyndylaryny azaltmak üçin yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG tarapyndan maksatnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Ýaşlar syýasatyna döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýär. Hususan-da, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” kabul edildi, 2021 — 2025-nji ýyllarda ýaşlar syýasaty boýunça Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogy döredilip, ol halkara gün tertibiniň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” ugurlaryny öňe sürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisinde 2026 — 2028-nji ýyllara niýetlenen “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly maksatnamanyň taslamasy barada pikir alşyldy. Bu maksatnama ýaşlary goldamak, olaryň sebit we halkara derejedäki çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin berk esas bolar. Şular barada aýdylanda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) arasynda Maksatlaýyn gaznany döretmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilendigini nygtamak gerek.

Umuman, mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanylan birnäçe resminama seredildi. Şeýlelikde, öňünden ylalaşylan 2026-njy ýyl üçin birnäçe resminama, hususan-da, “Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna; “Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky “Reproduktiw saglyk pudagynda ýokary hilli hyzmatlara ählumumy elýeterliligi gowulandyrmak” taslamasynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Demografik diwidentden netijeli peýdalanmak üçin bilim ulgamyny kämilleşdirmek» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekildi.