Ï Lebap welaýatynda ýüpek gurçugyny idetmek işlerine girişildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap welaýatynda ýüpek gurçugyny idetmek işlerine girişildi

view-icon 76
Lebap welaýatynda ýüpek gurçugyny idetmek işlerine girişildi

Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde köpçülikleýin ýüpek gurçugyny idetmek işlerine badalga berildi. Bu möhüm we jogapkärli möwsüme ilki bilen welaýatyň Gündogarynda ýerleşýän Köýtendag, Döwletli, Kerki hem-de Halaç etraplarynyň zähmetsöýer ýüpekçileri girişdiler.

Şu möwsümde Köýtendag etrabynyň ýüpekçileri bir müň 42 guty gurçuk tohumyndan 38 tonna, Döwletli etrabynyň pileçileri bir müň 259 guty gurçuk tohumyndan 46 tonna, Kerki hem-de Halaç etraplarynyň ýüpekçileri hem degişlilikde 2 müň 327 we 4 müň 5 guty gurçuk tohumyndan 85 we 97 tonna pile tabşyrmaklyga borçlanýarlar. Üstümizdäki ýylda howanyň amatly gelmekligi, ygalyň ýeterlik mukdarda ýagmaklygy ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut ýapraklarynyň ir ýetişmeklerine şert döretdi. Häzirki wagtda ýokarda atlary agzalan etraplarda ýüpek gurçuklary irki möhletde janlandyrylyp, «Lebapwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki bölümleri bilen şertnama baglaşan ýüpekçilere paýlanylýar.

Welaýatyň beýleki etraplarynda hem ýüpek gurçuk tohumlary janlandyrmak üçin inkubatorlarda goýuldy, ýakyn wagtlarda bu etraplaryň ýüpekçilik hojalyklarynda hem ýüpek gurçugyny idetmeklige girişiler. Ýüpek gurçuklary janlandyrylanda degişli biologik kadalaryň berjaý edilmegi gurçuklaryň sagdyn örüzilmegine ýardam edýär.

Welaýatyň ýüpekçileri şu möwsümde ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň 1010 tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler. Gündogar sebitiň çägindäki etraplaryň ählisinde hem jogapkärli möwsüme öňünden ykjam taýýarlyk görüldi. Ýüpekçilik ugrundan degişli hünärmenleriň ýüpek gurçugyny idetjek hojalyklarda bolup, gurçuklaryň idediljek ýerleri bilen tanyşmaklary we ýüpekçilere degişli maslahatlary bermekleri bu ugurda işleri talaba laýyk ýola goýmagy we bol hem-de ýokary hilli piläniň öndürilmegi üpjün eder.