Ï Türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 92
Türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň täze saýlanan başlygy Matsuşita Şinpeý bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Matsuşita Şinpeýi Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň başlygy wezipesine bellenilmegi bilen gutlady.

Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine we möhüm ugurlara degişli meselelere, hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” parlamentara forumyny geçirmek baradaky başlangyjyny ara alyp maslahatlaşdylar garadylar.

Şeýle hem iki ýurduň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýokary derejeli hyzmatdaşlygy saklamak boýunça teklipler alşyldy.