Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Aşgabadyň sebitde durnuklylygy berkitmekdäki oňyn ornuny belledi.
Diplomatyň sözlerine görä, häzirki syýasy ýagdaýda goňşy ýurtlaryň, aýratyn-da Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitindäki döwletleriň orny aýratyn ähmiýetlidir. Türkmenistan, Russiýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan ýaly ýurtlar tarapyndan ynsanperwer ýükleriň raýdaşlygyň alamaty hökmünde iberilmegi çuňňur sebit gatnaşyklarynyň bardygyny görkezýär.
«Biziň ýurdumyz bilen 1 müň 200 kilometrlik umumy serhede eýe bolan Türkmenistan aýratyn möhüm orny eýeledi. Türkmenistanyň Hökümeti hemişelik we oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanyp, başyndan bäri gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen, gepleşikler arkaly çözmäge çagyrdy hem-de raýatlaryň hereketini ýeňilleşdirmek we maşgalalaryň birleşmegine ýardam etmek ugrunda möhüm çäreleri durmuşa geçirdi. Iki halkyň arasyndaky medeni baglanyşyklar netijesinde Türkmenistanyň jemgyýeti Eýrandaky wakalary uly duýgudaşlyk bilen yzarlaýar, bu bolsa hoşniýetli goňşuçylyk diplomatiýasynyň berkdiginiň aýdyň subutnamasydyr» diýip, diplomat aýtdy.