Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň daýhanlary şu ýyl 2 müň 995 gektar ýere ýeralma ekmekligi we ýeralmadan bol hasyl almagy maksat edinýärler. Bu meýdanyň köp bölegi Şabat we N.Andalyp daýhan birleşigine degişlidir.
Ýeralma önümçiligine beýleki önüm öndürijiler hem uly goşant goşmakçy. Olara etrabyň umumy ýeralma meýdanynyň üçden bir bölegi düşer. Welaýat boýunça 8 müň 800 gektar ýere ýeralma ekiler.
Ýerli daýhanlar gowy hasyl ösdürip, her gektardan azyndan 140 sentner önüm almagy meýilleşdirýärler. Köp möçberde ýeralma ösdürip ýetişdirmek işi bu sebitde täze bolsa-da, daýhanlar soňky ýyllarda yzygiderli gowy netijeleri gazanýarlar.
Ýerli daýhanlar soňky ýyllarda ýeralma ösdürip ýetişdirmekde uly tejribe topladylar. Olar, esasan, «Gala», «Sante» ýaly ir we orta möwsümde ýetişýän ýeralma görnüşlerini ösdürýärler. Bu görnüşleriň ýetişme we hasyl berme möhletleri amatly, olar kesellere çydamly, olary saklamak hem daşamak aňsat.