2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary Ça Ýong-ho bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy iki ýurduň raýatlarynyň birek-biregiň ýurtlaryna ygtybarly syýahat etmegi hem-de olaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek boýunça teklipleri öňe sürdi.
Hususan-da, migrasiýa ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk esasyny kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna koreý tarapynyň ünsi çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar işjeň häsiýetde geçirilen bu gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň iki döwletiň bähbitlerine we ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna laýyk gelýändigini tassykladylar.