Ï Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy

view-icon 109

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy.

Gerd Müller belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň energetika diplomatiýasyny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy we BMG-niň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça başlangyçlaryny yzygiderli goldamagy halkara jemgyýetçiliginiň uly hormatyna mynasyp bolýar.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gerd Mülleriň UNIDO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandyny aýratyn belledi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäherine inklýuziw we durnukly senagat ösüşine (ISID) gönükdirilen dördünji senagat öwrülişigiň (4IR) sanly tilsimatlaryny ulanmak arkaly «akylly» şäheri gurmak babatda goşandy üçin UNIDO-nyň Minnetdarlyk Güwänamasynyň berlendigini kanagatlanma bilen belläp, bu Güwänama Türkmenistanyň inklýuziw we durnukly senagat ösüşine ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde garalýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan UNIDO-nyň goldaw bermeginde amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň haly senagatyny ösdürmäge, dokma önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna eksportyny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryň yzygiderli ilerlediljekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem ýurdumyz Arkadag “akylly” şäheriniň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde tehniki hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Türkmenistanda bu taslama innowasion we durnukly senagat çözgütlerini ornaşdyrmak üçin netijeli meýdança hökmünde garalýar.

UNIDO-nyň Baş direktory Arkadag şäheriniň çäklerinde lukmançylyk klasteriniň döredilmeginiň saglygy goraýyş ulgamyna ýokary tehnologiýalaryň we senagat mümkinçilikleriniň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belläp, bu giň möçberli taslamanyň Gahryman Arkadagymyzyň lukmançylyk ulgamyndaky köp ýyllyk ägirt uly tejribesine daýanýandygyny nygtady.

Şeýle hem söhbetdeşler howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gahryman Arkadagymyz “ýaşyl” senagat geçişi we howanyň üýtgemegine garşy hereketler ulgamynda Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasynda hyzmatdaşlygyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Ýol kartasyny işläp düzmek we durmuşa geçirmek mümkinçiligine seretmäge ýurdumyzyň taýýardygyny tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ileri tutýan sebit başlangyçlaryna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy ekoulgamlary dikeltmekde we sebitiň ekologik taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmakda tagallalary utgaşdyrmagyň netijeli mehanizmini emele getirmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmagyň halkara-hukuk mehanizmlerini işläp düzmek, şol sanda Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin Konwensiýalary taýýarlamak boýunça işleri yzygiderli alyp barýar. Ýurdumyzda Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Hazar ekologiýa başlangyjyny ilerletmäge aýratyn üns berilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny durmuşa geçirýär. Bu merkez howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirlerini peseltmek ulgamynda innowasion çözgütleri ornaşdyrmak, şeýle hem halkara tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli meýdança bolar.

Gerd Müller ýurdumyzyň başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga UNIDO-nyň strategik taýdan ähmiýetli we uzakmöhletli geljege gönükdirilen gatnaşyklar hökmünde garaýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory Gerd Müller birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.