Ï Balkanly ekerançylaryň bahar aladalary gyzgalaňly dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkanly ekerançylaryň bahar aladalary gyzgalaňly dowam edýär

view-icon 836
Balkanly ekerançylaryň bahar aladalary gyzgalaňly dowam edýär

Berkarar döwletimizde obasenagat toplumyny ösdürmek, önümleriň hilini ýokarlandyrmak, şeýle-de azyk bolçulygyny döretmek derwaýys ugurlaryň hatarynda durýar. Şeýle jogapkärli wezipelere üstünlikli hötde gelmek ugrunda oba zähmetkeşleri has-da tagallaly zähmet çekýärler.

Ähli sebitlerde bolşy ýaly, bu ugurda Balkan welaýatynyň kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleridir mülkdarlary-da «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda saldamly işleri bitirýärler. Şanly ýylda olar pagtadyr bugdaýdan daşgary beýleki oba hojalyk ekinleriniň hem bitginli hasylyny ýetişdirmegi baş maksat edinýärler. Şonuň netijesinde welaýat boýunça ýylyň dowamynda 2 müň 900 gektar meýdanda ýeralma ýetişdirip, 40 müň 600 tonna hasyl ýygnamagy meýilleşdirýärler. Şonça ekin meýdanyň 1 müň 600 gektaryna bolsa ýazlyk ýeralma ekilip, ondan şu möwsümde 22 müň 400 tonna hasyl ýygnalar.

Günbatar sebitiň kärendeçi daýhanlary ýaz möwsüminde 1 müň 100 gektarda ekilen sogandan ýygnaljak hasylyň möçberini 27 müň 500 tonna ýetirerler. Ýaşyl begrese bürenen ýazyň mahmal möwsüminde welaýatda kelemdir käşiriň ekişi hem irki agrotehniki möhletlerde tamamlanyp, häzir ideg işleri gyzgalaňly dowam edýär. Onuň ýokary hil derejesi bereketli hasylyň düýbüniň mäkäm tutulýandygyna şaýatlyk edýär.

Geljek hasyl döwründe hem 230 gektar meýdandan ýygnaljak azyklyk kelemiň umumy möçberi 5 müň 750 tonnadan geçer. Şeýle-de welaýatyň zähmetsöýer ekerançylary jemi 470 gektar meýdana ekilen käşirden 8 müň 460 tonnadan gowrak hasylyň ýygnalyp alynjakdygyna pugta ynanýarlar. Ideg işleriniň barha gyzyşýan häzirki günlerinde-de oba hojalykçylar nur-berekede beslenýän bahar paslynyň amatly mümkinçiliklerinden we toprak-howa şertlerinden netijeli peýdalanýarlar. Bu bolsa olara beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanyljak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda sebitiň ilatyny mukaddes topragymyzda ýetişdirilýän oba hojalyk önümleri bilen bolelin, ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer.