Ï «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň yhlasly zähmeti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň yhlasly zähmeti

view-icon 128
«Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň yhlasly zähmeti

Döwletimiziň ykdysady taýdan barha kuwwatlanmagynda hususy ulgamyň tutýan orny aýratyn bellenilmäge mynasyp. Halkymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bedew batly gadamlary bilen öňe barýar. Munuň şeýledigine 2026-njy ýylyň başyndan bäri amala aşyrylýan işlere ser salanymyzda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mary welaýatynyň çäginde hereket edýän, ýurdumyzda öňe sürlen iri göwrümli şäher gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýan hususy kärhanalarda aýdyň öňegidişlikler duýulýar. Şeýle kärhanalaryň biri hem «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasydyr. Bu kärhana maldarçylyk, oba hojalygy hem gurluşyk pudaklarynda öz işini alyp barýar. Bu ulgamlaryň her birinde netijeli işleri ýola goýýar. Kärhananyň gurluşyk ulgamynda alyp barýan işleri aýratyn bellemäge mynasyp. Häzirki wagta çenli kärhananyň ulanyşa beren desgalarynyň hatarynda çagalar baglary, orta mekdepler, medeni dynç alyş seýilgähi, ýaşaýyş jaýlary we başga-da birnäçe binalar bar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şu şanly ýylymyza Mary şäherinde birnäçe bagtyýar raýatlarymyzy begendirip täze ýaşaýyş jaý toplumyny ulanyşa bermek bilen gadam basan kärhananyň gaýratly gurluşykçylary häzirki günlerde-de bu asylly işlerini gowşamaýan depginde alyp barýarlar. 16 sany 640 hojalyga niýetlenen täze ýaşaýyş jaý toplumy kärhananyň guran iri göwrümli taslamalarynyň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda hem kärhana Mary welaýatynyň çäginde ençeme medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyk-gurnama işlerini alyp barýar. Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň durkuny täzelemek işleriniň, Wekilbazar etrabynda 600 orunlyk orta mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, Sakarçäge etrabynda 500 orunlyk orta mekdebiň, Tagtabazar etrabynda 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşyk işleri ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim almaklary üçin giň şertleri döretmekde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen alnyp barylýan işlere şaýatlyk edýär. Bu desgalaryň her birinde göz öňünde tutulan häzirki zaman döwrebap şertleri döretmekde kärhananyň gurluşykçylary yhlasly zähmet çekýärler. Bulardan başga hem hususy kärhananyň gurluşykçylary Baýramaly etrabynyň çäginde 1 gije-gündizde 50 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desganyň düýbüni tutmak işlerine taýýarlyk görýärler. Bu bolsa ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligine uly ýardam berer. Şeýle döwlet bähbitli işlere, halkymyzyň medeni-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmäge öz saldamly goşandyny goşýan «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň işjanly telekeçileri özlerine işlemäge döredilýän mümkinçiliklerden, döwletimizde orta we kiçi telekeçiligi ösdürmekde berilýän goldawlardan peýdalanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bellenilýän şanly ýylymyzda-da täze desgalary halka ulanyşa bermegi öz öňlerinde belent maksat edinýärler.