Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedow «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky çykyşynda giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler barada aýratyn belledi.
«Bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler» – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri eksport mümkinçiliklerine aýratyn üns berdi.
«Täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder» – diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.