Ï Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

view-icon 76
Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň çäginde az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Gündizlerine howanyň temperaturasy +30 gradusa we ondan ýokary derejä ýeter.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +22...+24 gradusdan +29...+31 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa +12...+14 gradusdan +16...+18 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda az bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +21...+26 gradusdan +28...+33 gradusa çenli maýyl, gijelerine +10...+15 gradusdan +14...+19 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +27...+32 gradus maýyl, gijelerine +12...+17 gradusdan +16...+21 gradusa çenli maýyl bolar. Kenarýaka sebitlerde gündizlerine +22...+27 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, gündizlerine +21...+26 gradusdan +28...+33 gradusa çenli maýyl, gijelerine +8...+13 gradusdan +12...+18 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine howanyň temperaturasy +20...+25 gradusdan +27...+32 gradusa çenli maýyl, gijelerine bolsa +7...+12 gradusdan +11...+16 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine +20...+25 gradusdan +23...+28 gradusa çenli maýyl, gijelerine +6...+11 gradusdan +8...+15 gradusa çenli maýyl bolar.