Ï Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýüpekçileri üçin jogapkärli möwsüm başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýüpekçileri üçin jogapkärli möwsüm başlandy

view-icon 88
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýüpekçileri üçin jogapkärli möwsüm başlandy

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýüpekçileri üçin jogapkärli möwsüm başlandy. Bu ýyl hem olar şanly zähmet üstünliklerini dowam etdirip, ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň 500 tonnasyny öndürmegi meýilleşdirýärler.

Daşoguz welaýatynda şertnamalaýyn borçnamalary 184 tonna eýe bolan Şabat etrabynyň we 79 tonna pile taýýarlamagy meýilleşdirýän Garaşsyzlyk etrabynyň ýüpekçileri şu ýyl piläniň iň iri öndürijileri bolar diýlip garaşylýar.

Möwsümiň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýüpek gurçugynyň tohumyny işjeňleşdirmek üçin hereket edýän inkubatorlaryň netijeli işini üpjün etmek boýunça düýpli taýýarlyk işleri geçirildi. Öndürijileri ýokary hilli ýüpek gurçugynyň tohumynyň ýeterlik mukdary bilen üpjün etmek ugrunda ähli çäreler wagtynda görüldi. Gurçuklary iýmitlendirmek üçin zerur şertleri döretmäge uly üns berildi.

Şeýle hem öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak işleri guramaçylykly alnyp baryldy. Bu jogapkärli möwsümi üstünlikli geçirmek üçin diňe kärendeçiler bilen 7 müňden gowrak şertnama baglaşyldy. Sebitde giň iýmit binýadynyň bolmagy we döwrebap ylmy maslahatlaryň ulanylmagy ýüpekçileriň bol hasyl almagynda uly ýardam eder.