Ï Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

view-icon 119
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2025-nji ýylyň 19–20-nji maýynda Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny seljerdiler.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygyny aýratyn nygtadylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadeg Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 2026-njy ýylyň 14-nji martynda Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna, ilkinji nobatda, çagalara iberilen ynsanperwer kömegi üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi. Bu kömek iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde bellenildi.