Ï Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly maslahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly maslahat

view-icon 158
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly maslahat

Lebap welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen milli mirasy we buýsanjy – bedew» at bilen dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahata welaýatyň edara-kärhanalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň we welaýatyň Halk Maslahatlarynyň agzalary, welaýat atçylyk-sport toplumynyň, bilim, saglyk we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Örän täsirli geçen maslahatyň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösmekligine önjeýli goşant goşan türkmen milli medeniýeti, milli mirasymyzyň iň naýbaşylarynyň biri, gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk türkmen bedewleri barada çuňňur mazmunly çykyşlara giň orun berildi.

Pederlerimizden miras galan milli atşynaslyk, seýisçilik sungatymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary, bu ýörelgäniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowamata öwürmegi bilen ýurdumyzda sakasyny «Nusaý atlary» ady bilen müňýyllyklaryň aňyrsyndan alyp gaýdýan arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny köpeltmek, ýaşlaryň arasynda atşynaslyk sungatyny wagyz etmek, türkmen bedewleriniň şanyny dünýä çykarmak boýunça alnyp barylýan asylly işler baradaky çykyşlar maslahata gatnaşyjylaryň kalbynda aýratyn orun aldy.

Dabaraly maslahatyň dowamy sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mundan bu ýana-da gülläp ösmegine, dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy üpjün etmeklige gönükdirilen ynsanperwer ýörelgeleri, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bedew batly ösüşlere beslenýän ata Watanymyz, milli buýsanjymyza öwrülen ahalteke bedewleri barada aýdylan belent ruhly aýdymlar, joşgunly tanslar bilen utgaşdy.