Ï BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen duşuşyk barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen duşuşyk barada

view-icon 382
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili bilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Antalýada geçirilýän 5-nji Diplomatik forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň Ýokary wekili Migel Anhel Moratinos bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar parahatçylyk medeniýetini ilerletmek, sivilizasiýalaryň arasyndaky dialogy ösdürmek hem-de özara düşünişmegi berkitmek ugurlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly halkara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle-de Türkmenistanyň halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesiniň netijeli dialogy ösdürmekde hem-de ählumumy ölçegde özara düşünişmegi berkitmekde täsirli gural bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň parahatçylykly ýaşaýyş medeniýetini ilerletmek boýunça halkara tagallalara goşant goşmaga hem-de netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.