Ï Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary bilen duşuşyk barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary bilen duşuşyk barada

view-icon 375
Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary bilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna saparynyň çäklerinde Antalýa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş sekretary Adem Kula bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar türki döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berdiler. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 2024-nji ýylyň mart aýynda Birleşigiň düzümine kabul edilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bu formatdaky ýurtlaryň arasynda bilelikdäki önümçilik zynjyrlarynyň esaslaryny döretmegiň mümkinçiliklerine garaldy.