Ï Türkmenistanyň Prezidenti sebitde ekologiýa başlangyçlaryny tapgyrlaýyn ilerletmegiň guralyny teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sebitde ekologiýa başlangyçlaryny tapgyrlaýyn ilerletmegiň guralyny teklip etdi

view-icon 163
Türkmenistanyň Prezidenti sebitde ekologiýa başlangyçlaryny tapgyrlaýyn ilerletmegiň guralyny teklip etdi

Astana şäherinde geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini we döwrebap ekologik standartlaryny ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin sebit gepleşikleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmegiň takyk guralyny döretmegi teklip etdi.

Teklip edilýän çemeleşmä görä, ähli başlangyçlar bilermenleriň duşuşyklary we maslahatlary derejesinde deslapky ara alyp maslahatlaşmalardan hem-de kämilleşdiriş tapgyrlaryndan geçmelidir. Ministrler derejesindäki duşuşyklary çagyrmak we meseleleri Sammitleriň gün tertibine girizmek diňe resminamalar boýunça ýokary derejeli ylalaşyklylyk gazanylandan hem-de anyk taslamalar boýunça umumy garaýyşlar işlenip düzülenden soň amala aşyrylmalydyr.