2026-njy ýylyň 20-22-nji aprelinde Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary B.Tatowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti «INNOPROM. Merkezi Aziýa» atly 6-njy halkara senagat sergisiniň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýada senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de durnukly önümçilik zynjyrlaryny döretmek meselelerine bagyşlanan plenar mejlislere we ugurdaş mejlislere gatnaşdy.
Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň senagat ministrleriniň ilkinji mejlisine hem gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri, bilelikdäki senagat taslamalaryna geçmek hem-de senagat pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.