22-nji aprelde Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow möhüm başlangyç bilen çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan BMG bilen AHHG-nyň hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny bilelikde işlemegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz AHHG-nyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de geljekki bilelikdäki işiň täze wezipelerini kesgitlemegi teklip etdi. «Bu işi esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyklykda tamamlamagy hem-de Aral deňziniň sebitiniň köp sanly meselelerini çözmek bilen bagly taslamalardyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara maliýe institutlary, donorlar bilen has işjeň hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik döretmegi dogry hasaplaýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
«Biz Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri bilen özara hyzmatdaşlygynyň derejesini düýpli hem-de hil taýdan ýokarlandyrmagyň zerurdygyndan ugur alýarys» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy we Türkmenistanyň dünýäde bolup geçýän üýtgeşmeleri, şol sanda geosyýasy we ykdysady häsiýetli ýagdaýlary göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan BMG bilen AHHG-nyň hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny bilelikde işlemegi teklip edýändigini nygtady.