Ï Zenanlaryň arasynda maksadalaýyk çäreler guralýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zenanlaryň arasynda maksadalaýyk çäreler guralýar

view-icon 87
Zenanlaryň arasynda maksadalaýyk çäreler guralýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynda guralýan dabaraly maslahatlar, aýdym-sazly çäreler, duşuşyklar, sergiler özboluşlylygy, maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle maslahatlaryň biri-de welaýatyň Türkmenbaşy şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň bilelikdäki meýilnamasy esasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň «Beýik ýüpek ýoly» myhmanhanasynda geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň hem-de Zenanlar birleşiginiň şäher bölüminiň bilelikde guran wagyz-nesihat maslahatyna ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň düzümindäki edaralardyr kärhanalarynyň işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini, olaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan derwaýys işler, öňde durýan wezipeler, şeýle-de ýaşlaryň arasynda türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny wagyz etmegi maksat edinen maslahatda täsirli çykyşlara uly orun berildi. Bellenilşi ýaly, Berkarar Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda zenanlaryň işjeňligi düýpgöter ýokarlandy.

Ýurdumyzda gender deňligini, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini öňküden hem has berkitmek, eneleriň, çagalaryň saglygyny goramak, durmuş goraglylygyny üpjün etmek ýaly ugurlarda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň üçinem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşlerinden ruhlanan zenanlar guramaçylykly ýagdaýda geçen maslahatda bu babatda aýratyn belläp geçdiler. Egsilmez ruhy joşguna, bimöçber durmuş-terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan maslahatyň dowamynda ajaýyp zamanamyza guwanç, buýsanç duýgulary täsirli çykyşlaryň baý mazmunyny düzdi. Maslahatda çykyş edenler täze taryhy döwürde okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, gurmak, döretmek ugrunda döredip berlen döwrebap şertlerdir mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş, hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

– Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa beslenen kitaplaryny, öwüt-ündewlerini, gymmatly maslahatlaryny wagyz-ündew etmek maksady bilen, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda beýik döwrümiziň ruhuna mynasyp dürli derejeli dabaralary, medeni-sport çärelerini yzygiderli geçirýäris. Şeýle çäreleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şäherimiziň iri senagat kärhanalarynda, önümçilik düzümlerinde, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, harby bölümlerinde, şäheriň beýleki ýerlerinde hem gurap durýarys.

Belent maksatlara beslenýän giň gerimli işlerimiz ýerine-de düşýär. Şeýle-de bu geçirýän çärelerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanyljak şöhratly ýylynyň beýik ösüşlerini wagyz-ündew etmäge mümkinçilik berýär – diýip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň bölüm müdiri Güljemal Baýlyýewa biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.