Ï «Ýaşyl» tehnologiýalara ugrukdyrma: «SHANGHAI DTSPACE» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýaşyl» tehnologiýalara ugrukdyrma: «SHANGHAI DTSPACE» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

view-icon 871
«Ýaşyl» tehnologiýalara ugrukdyrma: «SHANGHAI DTSPACE» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumynyň çäklerinde ýöriteleşdirilen sergi açyldy. Bu sergi Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň innowasion çözgütlerini tanyşdyrmak üçin meýdança boldy. Serginiň esasy gatnaşyjylarynyň biri bolan «SHANGHAI DTSPACE» kompaniýasynyň awtoulag gurluşygyndaky we gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyndaky mümkinçiliklerini «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ksiolong Hu beýan etdi.

«SHANGHAI DTSPACE» kompaniýasynyň Aşgabat forumyna ilkinji gezek gatnaşmagy hytaý işewürleriniň çalt depginli ösýän türkmen bazaryna bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär. Ksiolong Hunyň bellemegine görä, kompaniýa ýerli hyzmatdaşlar bilen uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär.

«Türkmenistanda ilkinji gezek öz tekliplerimizi hödürledik we önümlerimize bu ýerde uly isleg bildiriljekdigine ynanýarys. Biz çuňňur we netijeli hyzmatdaşlyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys» – diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy nygtady.

«SHANGHAI DTSPACE» kompaniýasynyň esasy iş ugurlarynyň biri ähli görnüşdäki awtoulag serişdelerini öndürmekden ybaratdyr. Kompaniýanyň özboluşlylygy – dizaýndan we önümçilikden başlap, göni satuwa we eksport amallaryna şeýle hem doly hyzmat we serwis üpjünçiligine çenli ýapyk senagat zynjyryny döretmekdir.

Kompaniýanyň model hatary ýolagçy awtobuslaryndan we pikaplardan başlap, agyr gurluşyk, jemagat we oba hojalyk tehnikasyna çenli diýen ýaly ähli ugurlary öz içine alýar. Belläp geçsek, kompaniýanyň önümleri Ýewropa Bileleşiginiň we Günorta Amerikanyň ölçeglerini hem öz içine alýan berk halkara talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylandyr. Bu onuň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny tassyklaýar.

«SHANGHAI DTSPACE» strategiýasynda «ýaşyl» energiýa we emeli intellekt boýunça ýöriteleşen «DTSPASE TECH» bölümine aýratyn üns berilýär.

«Ählumumy energiýa geçiş döwründe kompaniýa dört strategik pudagy ösdürýär: ýokary netijeli gün panelleriniň önümçiligi, elektrik ulaglary üçin energiýa saklaýyş ulgamlaryny we çalt zarýad beriş stansiýalaryny döretmek, ylmy-barlag we işläp düzmek, şeýle hem gün elektrik stansiýalaryny ulanýan «akylly» şäherleriň dizaýny» diýip, kompaniýanyň baş direktory belläp geçdi.

Şu nukdaýnazardan, Ksiolong Hu türkmen bazary üçin ýörite teklip hökmünde Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň goldawy bilen işlenip düzülen innowasion gün panellerini aýratyn belläp geçdi.

«Sebitiň howa aýratynlyklaryny nazara alyp, kompaniýa bu ýerde çeýe kristally kremniden taýýarlanan modullary hödürledi. Bu paneller ýokary berkligi bilen tapawutlanýar: olar titremelere, güýçli şemallara we aşa howa şertlerine durnuklydyr» – diýip, Ksiolong Hu önümiň tehniki aýratynlyklaryny düşündirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hytaý konserniniň ýolbaşçysy «SHANGHAI DTSPACE» tarapyndan hödürlenýän integrirlenen ekologik çözgütleriň durnukly ösüş konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge we akylly energiýa sarp edişine geçmäge ýardam etjekdigini aýratyn nygtady. Bu bolsa häzirki zaman Türkmenistanynyň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.