Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumynyň çäklerinde geçirilýän sergide Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan «Huawei» kompaniýasynyň diwarlygy myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Kompaniýanyň Türkmenistandaky baş wekili Ýang Silong «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde kompaniýanyň sebit bilen taryhy gatnaşyklarynyň çuňlugyny we ýurdumyzyň sanly üýtgeşmeler boýunça konstruktiw meýilnamalaryny belläp geçdi.
Türkmenistanyň bazarynda 26 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän «Huawei» özüňi diňe bir enjam üpjünçisi däl, eýsem strategik hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Holdingiň wekili onuň üýtgeşik işewür-modeline ünsi çekdi. «Huawei» dünýäde önümçiligiň doly toplumy – «noldan ýüz göterime çenli» üpjün edýän ählumumy korporasiýalaryň biridir.
«Huawei» enjam ýa-da programma üpjünçiligi babatda hiç hili daşarky öndürijä garaşly däl. Çipsetlerden we maglumatlary saklaýyş ulgamlaryndan başlap, emeli aňa çenli ähli çözgütler diňe biziň hünärmenlerimiz tarapyndan işlenip düzüldi» – diýip, Ýang Silong nygtady.
Hyzmatdaşlygyň möhüm tapgyry hökmünde 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde «akylly» Arkadag şäherinde 5G torunyň işe girizilmegi boldy. Häzirki wagtda kompaniýanyň ösüş strategiýasy ýurdumyzyň welaýatlarynda 4G we 5G torlaryny giňeltmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem VoLTE (Voice over LTE) tehnologiýasyny ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu çözgüt ulanyjylara maglumat alyş-çalşygyny bökdemezden, ýokary hilli sesli jaňlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer, bu bolsa ykjam aragatnaşygyň gündelik amatlylygyny ep-esli ýokarlandyrar.
5G tehnologiýasynyň mümkinçilikleri barada durup geçmek bilen, baş wekil bu tehnologiýanyň senagat sanlylaşdyrylmasy üçin örän möhüm binýatdygyny belledi. Ýokary tizlikli internet «akylly» ulag ulgamlarynyň işlemegi, sanly billingiň ornaşdyrylmagy we emeli aňyň ösdürilmegi üçin zerurdyr. Hususan-da, ulag ulgamynda bu tehnologiýa awtobuslaryň hereketine hakyky wagt tertibinde takyk gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.
Zehinli ýaşlary goldamak «Huawei» kompaniýasynyň wezipesiniň möhüm bölegi bolup galýar. 2025-nji ýylda «Golden Seeds» atly bilim maksatnamasynyň çäklerinde türkmen ýokary okuw mekdepleriniň iň gowy on talyby berk saýlama tapgyryndan geçip, Hytaýda halkara derejesinde ýurdumyza wekilçilik etdiler.
«Dünýäniň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen bilelikde döwrebap tehnologiýalary işläp düzmek boýunça bäsleşiklere gatnaşmak ýerli işgärleriň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny tassyklady. Türkmen talyplary sanly ulgamda ajaýyp bilimlerini görkezdiler, bu bolsa Türkmenistanyň tehnologiýa pudagynyň geljeginiň ulydygyna ynam döredýär» – diýip, «Huawei» kompaniýasynyň baş wekili sözüni jemledi.