Türkmenistanyň paýtagtynda ekologiýa we durnukly ösüş ulgamynda möhüm halkara çärä – «Durnukly ösüş üçin suw – 2018 – 2028-nji ýyllar» atly hereketleriň onýyllygynyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli dördünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek barada duşuşyk geçirildi.
Diplomatik işgärleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda çykyş etdi. Diplomatik edaranyň ýolbaşçysy öz çykyşynda geljekki forumyň formatyny jikme-jik beýan etmek bilen, halkara jemgyýetçiligini işjeň hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Maslahat 2026-njy ýylyň 25 – 28-nji maýynda Täjigistanyň paýtagtynda geçiriler. Maslahaty Täjigistan hökümeti Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guraýar. Çäräniň derejesini onuň şärikli başlyklary, ýagny Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleler boýunça bölüminiň başlygy nygtap geçýär.
Dördünji Duşenbe maslahatynyň esasy wezipesi umumy tagallalary işjeňleşdirmek üçin, bütindünýä ýerligini döretmekdir. Maslahata gatnaşýanlar BMG-niň «Suwa dahylly işleriň» gün tertibinde beýan edilen borçnamalary ýerine ýetirmäge we 2030-njy ýylyň gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin, innowasion çözgütleri kesgitlemäge ünsi jemlärler.
«Maslahat iň gowy tejribedir innowasion çözgütleriň alyş-çalşygyny, gyzyklanýan taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmegi, durnukly ösüşde suw gorlarynyň tutýan ornuny artdyrmagy, habardarlygy ýokarlandyrmagy we 2030-njy ýyla çenli döwre degişli gün tertibiniň suwa dahylly maksatlaryna ýetmekde öňegidişligi çaltlandyrmak üçin, syýasy erki tijemegi maksat edinýär» diýip, ilçi nygtady.
Bu forumyň maksatnamasy dört esasy ugur boýunça taýýarlandy:
Birinji, Senegal Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň bilelikdäki başlyklygynda 2026-njy ýylda geçiriljek BMG-niň suw serişdeleri boýunça halkara maslahatyna esasy taýýarlyk çäresi hökmünde iş alyp barmak.
Ikinji, suwa dahylly ileri tutulýan meseleleri çözmek we kynçylyklary ýeňip geçmek üçin, gerimi giňeldilýän çözgütleri hödürlemek, hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem şärikdeşligi gurmak.
Üçünji, BMG-niň Baş sekretarynyň 2018 – 2028-nji ýyllar boýunça suwa dahylly işleriň onýyllygy üçin Hereketleriň meýilnamasynyň dört ugry esasynda suw boýunça işleriň onýyllygynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak.
Dördünji, 2018 – 2028-nji ýyllar aralygyndaky suwa degişli işleriň onýyllygynyň hemmetaraplaýyn jemleýji gözden geçirilmegi we geljekki mümkin bolan çäreler, şol sanda BMG-niň 2028-nji ýyldan soňky döwür üçin suwa degişli gün tertibini işläp düzmek barada pikir we düşünje alyş-çalşygyna başlatmakdyr.
Forum iň netijeli dialogy üpjün etmek ýagdaýynda geçiriler. Oňa BMG-niň agza döwletlerinden wekiliýetleriň, halkara maliýe edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň we hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Guramaçylar maslahatyň giň gerimli ýörelgesine aýratyn üns berýärler. Pikir alyşma ýaşlaryň, zenan guramalarynyň we ýerli halklaryň wekilleri-de çagyrylýar. Ilçi, şeýle hem adaty suw gün tertibine dahylsyz bilermenleri-de çekmegiň möhümdigini aýratyn nygtady.