Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.
13 – 14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Kazan şäherine sapary meýilleşdirilýär.
Her ýyl geçirilýän «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» atly halkara ykdysady forumy ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdançalaryň biri bolup durýar.
Türkmen wekiliýeti «Russiýa – Yslam dünýäsi hyzmatdaşlyk EXPO», «Halkara emläk bazary» atly ýöriteleşdirilen sergilere we maslahatlara, «Kazan halal bazary» halkara ýarmarkasyna hem-de «Asylly moda güni» festiwalyna gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz Kazanda geçiriljek çäreleriň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen ähli çärelerde ýurdumyzyň wekilleriniň ýokary derejeli gatnaşygyny üpjün etmegi tabşyrdy.