Şu günler Daşoguz welaýatynda ýetip gelýän galla oragyna taýýarlyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Galla kabul ediji nokatlarynyň we elewatorlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Onuň çäklerinde dürli binalaryň, telärleriň, meýdançalaryň gatlaklarynyň, konweýerleriň, barlaghana enjamlarynyň we terezileriň bellenen kadalara laýyklygy barlanylýar hem-de zerur bolan öňüni alyş abatlaýyş işleri geçirilýär. Şeýle hem sebitde galla orujy kombaýnlaryň, bugdaý daşamakda ulanyljak tehnikalaryň taýýarlyk derejesine, guramaçylyk meselelerine, şol sanda ýangyn howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär.
Welaýatyň gallaçylary şu ýyl bol hasyla garaşýarlar. Hasylyň binýadyny ýerli howa şertlerine uýgunlaşan, dürli kesellere we dökülmegine çydamly, özüni gowy tarapdan görkezen bugdaýyň «Alekseýewiç» we «Bezostaýa-100» ýaly ýokary hasylly görnüşleri düzýär.
Welaýat ýurdumyzyň iň iri galla mekanynyň biridir. Döwletimiz tarapyndan oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak ugrunda yzygiderli amala aşyrylýan işler netijesinde, şu güne çenli bu ýerde doly agrotehniki sikl döredildi. Ol tohumlyk dänäni taýýarlamagy, ekişi, oragy, galla saklamagy we gaýtadan işlemegi öz içine alýar. Sebitde üç sany ýokary öndürijilikli un öndürýän kärhana we ýedi sany elewator, şeýle hem döwrebap enjamlaşdyrylan onlarça galla kabul ediji nokady bar.
Şeýle düzümiň mümkinçiliklerine Görogly etrabyndaky iri galla önümleri kärhanasynyň mysalynda göz ýetirmek bolýar. Bu kärhana bugdaýy gaýtadan işlemek we saklamak boýunça bitewi toplum bolup, ol bir wagtyň özünde 50 müň tonna galla saklamaga hem-de ýylda 50 müň tonna ýokary we birinji hilli un öndürmäge niýetlenendir. Kärhanada, şeýle hem sebitiň ähli döwrebap elewatorlarynda gallany saklamaga kabul etmek we gaýtadan işlemäge ibermek işleri hem awtomobil, hem demir ýol ulaglary arkaly amala aşyrylýar.