Ï «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy

view-icon 87
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi. Neşiriň nobatdaky sany mazmun taýdan baýlygy, döwrebap temalary öz içine alýanlygy we ýaş nesliň dünýägaraýşyny giňeltmäge gönükdirilen makalalary bilen tapawutlanýar.

Žurnalyň täze sanynda jemgyýetçilik-syýasy ösüşler, ýaşlar syýasaty, ekologiýa abadançylygy, milli gymmatlyklar we halkara hyzmatdaşlyklary ýaly möhüm ugurlar giňden beýan edilýär. Hususan-da, ýurdumyzyň durnukly ösüşine gönükdirilen döwlet syýasaty, ýaşlaryň bu ugurdaky işjeň orny hem-de olaryň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek meseleleri aýratyn üns merkezinde saklanýar.

Neşirde Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýän sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary sport bilen giňden meşgullanmaga çekmek baradaky möhüm wezipeler hem giňişleýin şöhlelendirilýär. Şeýle-de, žurnalyň sahypalarynda ekologiýa meselelerine bagyşlanan makalalar, ýaşlaryň tebigaty goramakdaky jogapkärçiligi, ýaşyl ösüş ýörelgeleri we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ähmiýeti barada gymmatly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da, neşirde milli baýramçylyklar, hususan-da Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar, milli medeniýetiň ösüşi hem-de halkyň ruhy gymmatlyklary giňden beýan edilýär.

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sanynda ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşygyny ýokarlandyrmak hem-de giň dünýägaraýyşly raýatlar bolup kemala gelmegine itergi bermek maksady bilen taýýarlanylan makalalara, teswirlere we çykyşlara giňden orun berlipdir.