Ï Bagşy Ataýew: Türkmenistanyň ilkinji generaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bagşy Ataýew: Türkmenistanyň ilkinji generaly

view-icon 148
Bagşy Ataýew: Türkmenistanyň ilkinji generaly
Bagşy Ataýew: Türkmenistanyň ilkinji generaly
Bagşy Ataýew: Türkmenistanyň ilkinji generaly
Bagşy Ataýew: Türkmenistanyň ilkinji generaly
Bagşy Ataýew: Türkmenistanyň ilkinji generaly
Bagşy Ataýew: Türkmenistanyň ilkinji generaly
Bagşy Ataýew: Türkmenistanyň ilkinji generaly
Bagşy Ataýew: Türkmenistanyň ilkinji generaly

«Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy eýýäm birnäçe ýyl bäri, tutuş ýurdumyzyň uruş weteranlaryny, tylda zähmet çeken ildeşlerimizi we özleriniň edermen zähmeti bilen Beýik Ýeňşi ýakynlaşdyranlaryň ählisi hem hormat bilen ýatlanylýan maý günlerinde, gahryman watandaşlarymyz baradaky ýazgylary öz sahypalarynda ýerleşdirip, olaryň geçen çylşyrymly durmuş hem-de söweş ýoly barada gürrüň berýär. «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy öz asylly däbini dowam etdirip, bu gezek okyjylaryň dykgatyna ykbaly Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan ynsan baradaky gysgaça gürrüňi hödürleýär.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň ilkinji generaly – Bagşy Ataýewiç Ataýewiň aradan çykanyna ýigrimi dokuz ýyl dolýar.

Ol diňe bir ýokary harby ada mynasyp bolan serkerde bolman, eýsem 1941 – 1945-nji ýyllaryň urşuny ilkinji günlerinden tä Ýeňşe çenli geçen hakyky söweşjeň general-maýordyr. On bäş ýaşynda Bäherden internatyny tamamlanynda Bagşy Ataýew harby hünär barada hatda pikir hem etmändi. Ýönekeý maşgaladan bolan ýigidi garyp daýhan maşgalalaryndan bolan deň-duşlary bilen bilelikde sowatlylygyň ilkinji ädimlerini internatda öwrendi. Aşgabat tehnikumyny gutarandan soň, ol mugallym bolup işlemek üçin Gyzylgaýa (häzirki Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa obasy) ugradyldy. Harby gulluga gitmezinden ozal ol Kerki şäherinde (Lebap welaýaty) hem birneme pedagogik iş tejribesini toplap ýetişdi.

1931-nji ýylyň oktýabr aýyndan başlap, Bagşy Ataýew hünärli harby gullukçy boldy. Çagalyk we ýetginjeklik ýyllaryndaky terbiýe ony öz ykbalyny hemişelik goşun bilen baglamaga iterdi. Internatda-da, tehnikumda-da, hatda mugallymlyk eden döwründe-de B.Ataýew berk tertip-düzgünliligi, tabşyrylan işe jogapkärçiligi bilen deň-duşlaryndan tapawutlanýardy. Şeýlelikde, durmuşyň özi ony harby gullukçy bolmak baradaky ynamly çözgüde getirdi.

Uruşdan öňki ýyllarda ol Türküstan harby okrugynyň ştabynyň ýanyndaky aňtaw kurslarynda okady. Soňra Frunze adyndaky Akademiýanyň ýanyndaky ştab komandirlerini taýýarlaýyş kurslaryny, soňra bolsa Woroşilow adyndaky Ýokary harby akademiýany tamamlady. B.Ataýew 87-nji aýratyn türkmen atyjylyk brigadasynyň kemala gelmeginiň sakasynda duranlaryň biridir, bu brigada soňra 76-njy Ýelnýa-Warşawa Gyzyl baýdakly, Suworow ordenli atyjylyk diwiziýasyna öwrüldi.

Uruş başlananda B.Ataýew Eýranda sowet goşunlarynyň toparynda gulluk edýärdi. Aşgabada dolanyp geleninden soň, oňa entek 32 ýaşy dolmanka uly wezipeleriň biri – brigadanyň ştabynyň başlygynyň orunbasary wezipesi ynanyldy. Bir ýyl geçenden soň, ýagny frontlarda goranyş söweşleriniň iň agyr döwri bolan 1942-nji ýylda, Bagşy Ataýew eýýäm diwiziýa ştabynyň operatiw bölüminiň başlygy bolup, Ýelnýa, Orşa, Mogilýow we Koweliň golaýyndaky gazaply söweşlere gatnaşdy. Görkezen edermenligi we söweşlere ussatlyk bilen ýolbaşçylyk edendigi, Ýelnýanyň eýelenendigi üçin podpolkownik B.Ataýew «Gyzyl Baýdak» ordeni bilen sylaglandy.

Frontda ol edil ýaşlyk ýyllaryndaky ýaly, özüniň täsin işeňňirligi, durnuklylygy we batyrlygy bilen tapawutlandyrdy. Söweşleriň arasyndaky gysga arakesmelerde gijelerine ştab resminamalaryny netijeli taýýarlaýardy we işläp düzýärdi, söweş hereketleriniň kartalaryny öwrenýärdi. Weteranlaryň we gullukdaşlarynyň köp sanly ýatlamalaryna görä, hiç kim hiç wagt öz komandiriniň ýönekeýje dynç alyp oturanyny görmändir. Wisla we Oder derýalaryndan geçilýän agyr söweş şertlerinde ol öz egninde ýaralanan esgerleri söweş meýdanyndan alyp çykýardy. Söweşjeň ýoldaşlaryna mähir we atalyk aladasy bilen garaýardy.

Bagşy Ataýew Polşanyň we Germaniýanyň azat edilmegine işjeň gatnaşdy. 36 ýaşynyň dolan gününde ol Elbada boldy we birnäçe günden soň şol ýerde Ýeňiş gününi garşylady. Onuň nemes dilini kämil bilmegi indiki gullugynda hem peýdaly boldy – Ýeňişden soň harby komandirligiň buýrugy bilen ol Bäşinji zarba urujy goşunynyň 26-njy Pomeran atyjylyk korpusynyň operatiw bölüminiň başlygy, soňra bolsa Berliniň Waýsenze raýonynyň komendaturanyň harby komendaty wezipesine bellenildi. Ol şol ýerde ýene iki ýyl gulluk etdi. Onuň söweş ýoly «Gyzyl Baýdak», «Gyzyl Ýyldyz», «Lenin», 1-nji derejeli «Watançylyk urşy» ordenleri, «1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Germaniýadan üstün çykanlygy üçin», «Edermenligi üçin», «Söweşjeň hyzmatlary üçin» medallary bilen bellenildi.

Uruşdan soň Bagşy Ataýew dürli harby we döwlet wezipelerinde zähmet çekdi. Türkmenistanyň harby komissary, Türkmen döwlet uniwersitetiniň harby kafedrasynyň başlygy boldy. Ol 87-nji aýratyn türkmen atyjylyk brigadasynyň söweş ýoluna bagyşlanan kitabyň awtorydyr. Uruş ýyllarynda dereksiz ýitenleri gözlemek boýunça işjeň işleri alyp bardy. Bagşy Ataýew dört çaga terbiýeläp ýetişdirdi.

Bagşy Ataýewiň ýegeni Aýgül Ataýewanyň aýtmagyna görä, agasynyň uly maşgalasy bar. Uly gyzy Tamara Bagşyýewna 1932-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetini gutarandan soň, uzak ýyllaryň dowamynda ýokary okuw mekdebinde mugallym bolup işledi, professor-mugallymlar düzüminiň we talyplaryň arasynda uly hormatdan peýdalandy. Ikinji gyzy Maýa Bagşyýewna hem Tamaranyň ýoly bilen gidip, köp ýyllaryň dowamynda Türkmen döwlet uniwersitetinde zähmet çekdi. Gyzy Maral Bagşyýewna bolsa heýkeltaraşdyr. Ýakynda ogly Çary Bagşyýewiç aradan çykdy.

General B.Ataýewiň unudylmaz keşbi E.Kazakewiçiň «Ýyldyz» («Звезда») powestinde, M.Bekowyň «Türkmen atyjylyk» («Туркменская стрелковая») kitabynda we beýleki edebi eserlerde janlandyrylandyr.