Ï Gök önümleriň bolçulygy döredilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gök önümleriň bolçulygy döredilýär

view-icon 78
Gök önümleriň bolçulygy döredilýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Murgap jülgesiniň ekerançylary gök önümleriň bol hasylyny ýetişdirmekde ýadawsyz zähmet çekýärler. Mary welaýatynyň merdana babadaýhanlary yhlasly zähmet çekip, gök ekinleri ýetişdirip, toprakdan bereketli hasyl alýarlar.

Mary welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň işgärleri bu asylly işlere öz goşantlaryny goşýarlar. Senagat birleşigi bilen şertnama baglaşan daýhan birleşikleri, kärendeçiler, daýhan hojalyklar, telekeçiler gök ekinleriň dürli görnüşlerini, aýratynda ýer almany we sogany ýetişdirmekde baý iş tejribe toplaýarlar.

2026-njy oba hojalyk ýylynda Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda 28 müň 170 gektarda gök-bakja ekinleri ekiler. Şolaryň hatarynda esasy ekin bolan ýazlyk ýer almasy 9 müň gektarda ekilip, ondan 126 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. 2 müň 700 gektarda ekilen ýazlyk sogandan 67 müň 500 tonna hasyla garaşylýar. Pomidoryň 985 gektary ekilipdir. Ýazlyk ekinleriň hatarynda käşirdir kelemiň hem endigan ösüp hasyl toplaýandygyny bellemek gerek. Şonuň ýaly-da bakja ekinleriniň 4 müň 315 gektaryndan 86 müň 300 tonna hasyl almak bellenilen

Ene topraga edilen yhlas öz miwesini bolluk bilen eçilýär. Häzirki günlerde agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edilýän ýazlyk ýer almasynyň ilkinji hasyllarynyň ýetişip başlamagam welaýatyň gök ekerançylarynyň çeken zähmetiniň ilkinji miweleri bolup durýar. Şu günler daýhanlar ýazlyk ýer almasynyň hasylyny ýygnamaga taýynlyk görýärler. Şu ýyl ýer almanyň bereketli hasylyny ýetişdiren ýer eýeleridir kärendeçiler her gektardan 140 sentner hasyl almagy meýilleşdirýärler.

Mary welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigi şu möwsümde bellenen meýilnama laýyklykda güýzlük ekinlerden ýer almanyň 3 müň 900 gektaryny, 2 müň 700 gektarda sogan, däneli ekinlerden mäş 1 müň 500, noýba 410, künji 440 gektarda ekmek maksat edinýärler.

Daýhan kärendeçileriň ýetişdiren gök-bakja önümlerini satyn alyp, senagat birleşigi bu önümler bilen döwlet edara-kärhanalaryny, çagalar baglaryny, harby bölümleri üpjün edýär. Kabul edilen gök-bakja önümlerini terligi bilen saklamakda Mary welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň üç müň tonnalyk sowadyjy ammary uly ähmiýete eýe bolup durýar.