Ï Täze önümçilik bölümi işe girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze önümçilik bölümi işe girizildi

view-icon 6
Täze önümçilik bölümi işe girizildi
Täze önümçilik bölümi işe girizildi
Täze önümçilik bölümi işe girizildi
Täze önümçilik bölümi işe girizildi
Täze önümçilik bölümi işe girizildi
Täze önümçilik bölümi işe girizildi

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda ýerli çig maldan ýokary hilli ýüň ýüplügi öndürýän täze önümçilik bölüminiň işe girizilmegi bilen toplumyň önümçilik bölümleriniň sany indi bäşe ýetdi. Bu bolsa dokma toplumynyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga uly ýardam berer.

Toplumyň täze önümçilik bölüminiň ýyllyk kuwwaty geçi çöpürini we düýe ýüňüni gaýtadan işläp, 130 tonna ýüň ýüplügi öndürmäge niýetlenen. Bölümiň esasy aýratynlygy bu ýerde çig mal hökmünde diňe ýerli önümlerimiz ulanylar. Çig maly hususy we döwlet eýeçiligindäki maldarçylyk hojalyklaryndan satyn almak meýilleşdirilýär. Bu bolsa taýýar önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berer. Ýerli çig malyň hasabyna daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli ýüň ýüplügini öndürmek maksat edinilýär. Bu ýerde önümçilikde Italiýa döwletiniň «Сormateks S. r. L.» kompaniýasynyň kuwwatly ýüň önümçiligindäki enjamlary ornaşdyrylan. Önümçilik binasynyň tutýan meýdany 4 müň 952 inedördül metre deň. Täze önümçilik üç bölümden ýüplük-egirme, süýüm boýama we barlaghana bölümlerinden ybarat. Ýüplük-egirme bölüminde ilki ýüň ýuwlup arassalanylýar. Egrip taýýar edilen ýüplükler, süýüm-boýama bölümine geçirilýär.

Toplumyň täze önümçilik bölüminde öndüriljek ýüň ýüplügi ýurdumyzyň dokma önümçiligindäki önümleriň ýene täze görnüşiniň hataryny artdyrar. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň dokma pudagynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga saldamly goşant bolar. Täze önümçilikde döredilen 110-dan gowrak täze iş orunlarynda kämil hünärmenler işe başladylar. Bu ýerde iş üç çalşykda alnyp barylar.

Baýramaly şäherindäki dokma toplumy Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan kuwwatly toplumlaryň biridir. Bu ýerde gymmatly çig mal baýlygymyz bolan ak pagtamyz gaýtadan işlenip taýýar önüm derejesine ýetirilýär. Dokma toplumynyň önümçiligi öňden hereket edip duran 4 bölümden ̶ ýüplük, dokma, boýag we tikinçilik bölümlerinden ybarat. Bölümleriň ählisinde Italýanyň we Germaniýanyň dünýä belli dokma enjamlaryny öndürýän kompaniýalarynyň enjamlary hereket edýär. Kuwwatly enjamlara hünärmenler ussatlyk bilen erk edýärler. Bu toplumda dürli ölçegdäki çalgyçlar, zenan, erkek hem çagalar üçin hammam halatlary, dürli görnüşdäki aşhana toplumlary öndürilýär. Dokma toplumynyň önümçiliginiň esasy çig maly bolan pagta süýümi pagta arassalaýjy kärhanalaryndan alynýar.

Kärhananyň ýüplük önümçiligi bölüminde häzirki wagtda dünýä ölçeglerine laýyk gaýtadan işlenilen pagta süýüminden Nm – 17/1, Nm – 20/1 belgili ýüplükler öndürilýär.
852-den gowrak işçi güýjüni özünde jemleýän bu toplumda dokma önümçiligi bölüminde dokalýan ýokary hilli matalar soňra, boýag önümçiligi bölüminde kämil tehnologiýaly enjamlaryň kömegi arkaly boýalyp, guradylyp, taýýar edilýär. Kärhananyň tikinçilik bölüminde tikilip, taýýar edilen önümleriň ýüzüne kompýuterleşdirilen enjamlaryň kömegi bilen dürli nagyşlar çekilýär.

Baýramaly dokma toplumynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda önümçilikde meýilnama 136 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji geçen ýyla garaňda 118,2 göterim ösüş gazanylandygyny görkezýär. Taýýar önümler dokma toplumynyň Aşgabat şäherindäki, Mary, Baýramaly şäherlerindäki «Altyn asyr» dokma önümleri dükanlary arkaly alyjylara ýetirilýär.

Kärhanada «Merw» haryt nyşany bilen öndürilýän ýokary hilli, arassa pagtadan öndürilýän önümlere içerki we daşarky bazarlarda isleg barha artýar. Häzirki wagtda dokma toplumynda öndürilýän «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgili ýokary hilli önümler Russiýa Federasiýasyna, Belarussiýa, Gazagystan, Ukraina döwletlerine eksport edilýär. Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuna zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýän bu öňdebaryjy kärhanada täze önümçilik bölüminiň işe girizilmegi bilen, toplumyň işçi, hünärmenleriniň bu asylly maksatlaryny amala aşyrjakdyklaryna pugta ynam döredýär.