2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde halkara guramalaryň we köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler bilim we ekologiýa howpsuzlygy ugurlarynda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de daşky gurşawy goramaga hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar şu ýyl üçin meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.