Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk durnukly ösüş, sebit howpsuzlygy we energetika durnuklylygy üçin strategik ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda bu gatnaşyklar 2019-njy ýylda kabul edilen «Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasy» esasynda düzgünleşdirilýär. Bu resminama Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda durnuklylygy pugtalandyrmaga, ykdysady we tehnologik ösüşi höweslendirmäge hem-de demokratiýa we hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy goldamaga gönükdirilendir.
Şu ýylyň aprel aýynda Belgiýada Ýewropanyň daşarky hereket gullugy (EEAS) tarapyndan okuw maslahaty geçirildi. Oňa Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden gelen diplomatlar we öňdebaryjy halkara hünärmenler gatnaşdylar. Bu sapaklar geçen ýylyň noýabr aýynda ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasy tarapyndan geçirilen «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» atly maslahatynyň iş ýüzündäki dowamy boldy. Bu gezek gatnaşyjylar nazaryýetden ÝB-niň işiniň anyk gurallaryny öwrenmäge geçdiler: sanly ykdysadyýetden we arassa energiýadan başlap, täze geosyýasy strategiýa we howpsuzlyk syýasatyna çenli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuw maslahaty örän mazmunly bolup, häzirki zaman sebitara gepleşikleriň esasy ugurlaryny öz içine aldy. Maksatnamanyň nazaryýet bölümi ÝB-niň syýasy ulgamyna umumy syny we Ýewropanyň daşary syýasat gullugynyň ornuna jikme-jik seljermeleri özünde jemledi. Okuwlar EEAS-yň sanksiýalar bölüminiň işi we howanyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreler bilen içgin tanyşlykdan başlandy.
Soňra okuwlar Ýewropa diplomatiýa akademiýasynda (Brýugge ş.) dowam etdirildi. Bu ýerde akademiýanyň diňleýjileri bilen Merkezi Aziýanyň wekilleriniň arasyndaky çekişmeler esasy waka boldy. Ulag, energetika we ekologiýa meseleleri boýunça geçirilen çekişmelere Türkmenistanyň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.
Bellemeli zat, häzirki wagtda «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formaty we gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça «Bilelikdäki ýol kartasy» gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm guraly bolup hyzmat edýär. Bular sebitara syýasy gepleşikleri, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeltmegini, energetikany, howa täsir etmeýän ykdysadyýete geçilmegini we umumy howpsuzlyk meseleleriniň çözülmegini öz içine alýar.
Mundan başga-da, şeýle halkara maksatnamalar halkara gatnaşyklar ulgamynda işleýän ýaş hünärmenleriň hünär taýdan kämilleşmegine uly itergi berýär.