Ï Azerbaýjanyň «AzFi Rusarom» kompaniýasy «Agro Pack Turkmenistan – 2026» sergisinde innowasion çözgütleri bilen tanyşdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Azerbaýjanyň «AzFi Rusarom» kompaniýasy «Agro Pack Turkmenistan – 2026» sergisinde innowasion çözgütleri bilen tanyşdyrdy

view-icon 190
Azerbaýjanyň «AzFi Rusarom» kompaniýasy «Agro Pack Turkmenistan – 2026» sergisinde innowasion çözgütleri bilen tanyşdyrdy

Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi öz işini dowam etdirýär. Giň gerimli forum agrar pudagyň öňdebaryjy bilermenlerini hem-de azyk önümlerini öndürýän iri kompaniýalary bir ýere jemledi. Azerbaýjanyň azyk önümleri bazarynyň öňdebaryjysy bolan «AzFi Rusarom» kompaniýasynyň sergi diwary hünär jemgyýetçiliginiň üns merkezleriniň birine öwrüldi.

15 ýyldan gowrak tejribä eýe bolan «AzFi Rusarom» kompaniýasy ýokary hilli azyk goşundylaryny, şol sanda tagam berijileri we reňk berijileri işläp taýýarlamak hem-de öndürmek boýunça ýöriteleşýär. Häzirki wagtda kärhana Azerbaýjanda öz ugrunda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär we azyk senagatynyň esasy ugurlaryny çig mal bilen üpjün edýär.

Şolaryň hatarynda konditer we süýt önümleriniň önümçiligi, alkogolsyz içgileriň öndürilişi, ýag senagaty, ýarym taýýar önümleriň hem-de fastfud segmentleriniň önümçiligi bar.

Aşgabatda geçirilýän sergä gatnaşmak kompaniýa üçin sebit hyzmatdaşlygynyň geografiýasyny giňeltmek strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna «AzFi Rusarom» kompaniýasynyň direktory Farid Ibragimowyň gürrüň berşi ýaly, hyzmatdaş hökmünde Türkmenistany saýlap almak tötänden däldir.

«Biz bu sergä ilkinji gezek gatnaşýarys we türkmen kärdeşlerimiz bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça ilkinji ädimleri edýäris. Biziň tehnologiýa çözgütlerimiziň ýerli bazarda uly islegden peýdalanjakdygyna ynanýaryn. Munuň sebäbi halklarymyzyň medeni ýakynlygy we aşpezlik däplerimiziň meňzeşligidir» diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy belledi.

«AzFi Rusarom» kompaniýasynyň türkmen bazaryna çykmagy ýerli azyk öndürijileri üçin önümleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de taýýar önümleriň görnüşlerini giňeltmek boýunça täze mümkinçilikleri açýar. F.Ibragimowyň bellemegine görä, Türkmenistanda azyk senagatynyň depginli ösýän şertlerinde ýokary hilli ingrediýentleriň ulanylmagy dünýä standartlaryna laýyk gelýän täze önümleriň peýda bolmagyna oňyn täsir edip biler.

«Agro Pack Turkmenistan – 2026» sergisi sebit öndürijilerini önümçilik zynjyrlaryna birleşdirmek üçin netijeli meýdança bolup, uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň binýadyny goýýar.