Ï Türkmenistanyň DIM-inde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-inde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 118

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Won-Je bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, şol sanda daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri, parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň halkara başlangyçlaryny özara goldaýandyklary bellenildi.

Taraplar türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň hem-de aragatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” köptaraplaýyn formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigi bellenildi. Gazhimiýa pudagynda, ulag infrastrukturasynda hem-de gämi gurluşygynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine koreý kompaniýalarynyň goşýan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem bellediler. Bilim, ylym, sport ulgamlarynda we Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek babatda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi. Şeýle gatnaşyklaryň iki halkyň arasynda özara düşünişmegi we ýakynlaşmagy pugtalandyrýandygy nygtaldy.