Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasy başlangyjy bilen çykyş etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasy başlangyjy bilen çykyş etdi

view-icon 126
Türkmen halkynyň Milli Lideri yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasy başlangyjy bilen çykyş etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň forumyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şäher gurluşygy we ýokary tehnologiýalar ulgamynda ýurtlaryň arasynda hünär alyşmagyň täze gurallaryny döretmegi teklip etdi.

Çykyşyň iň ähmiýetli pursatlarynyň biri hem yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasyny ösdürmek baradaky teklip boldy.

«Şu günki günde «akylly» şäher diýmek – bu intellektiň, döredijiligiň, binagärligiň, medeniýetiň, ylmyň, tehnologiýalaryň, estetikanyň we durmuş bilimleriniň utgaşmasydyr. Ýagny ICESCO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän düşünjelerdir. Şol sebäpli hem hut şu guramanyň mejlisinde «akylly» şäherler diplomatiýasy arkaly yslam ýurtlarynyň arasynda ösüşiň bu geljegi uly ugrunda tejribeleri, bilimleri we meýilnamalary alyşmagyň hyzmatdaşlyk hem-de hünär gurallaryny ýola goýmagy ýerlikli hasaplaýarys» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bu ugry döwlet derejesinde işjeň ösdürýändigini we toplanan tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny nygtady.