Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bereketli, toýly ülkämizde kärendeçi daýhanlara, ýer eýelerine, mülkdarlara mukaddes topragymyzda bol hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin ählitaraplaýyn şertlerdir mümkinçilikler döredilen. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň ak bazarlarynyň, söwda nokatlarynyň ýylyň islendik paslynda gök-bakja önümleri bilen yzygiderli üpjün edilmegini şertlendirýär.
Bu ugurda ýurdumyzyň ähli sebitlerine mahsus bolan oňyn özgertmeler Balkan welaýatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Günbatar sebitiň zähmetsöýer bakjaçy daýhanlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň agrar pudagyny her bir welaýatyň toprak-howa şertlerine görä öňdebaryjy tejribeler bilen utgaşdyryp, ylmy esaslarda guramak baradaky paýhasly çözgüdinden ruhlanyp, asylly hyzmatlary bitirýärler.
Şeýlelikde, topraga bagry badaşan kärendeçi we telekeçi daýhanlar, bagbanlardyr ähli ýer eýeleri ýylyň-ýylyna bereketli hasyl almagyň abraý bilen hötdesinden gelýärler. Olar hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk taryhy senesiniň giňden bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem guwandyryjy önümçilik görkezijilerine beslediler. Has takygy, welaýatda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, olaryň hemme görnüşleri boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler.
Magtymguly etrabynyň bagbanlary nar, injir, hoz, Etrek etrabynyň bagbanlary zeýtun, Gyzylarbat, Bereket, Esenguly etraplarynyň daýhanlary-da bakja önümleri bilen adygyp, hünär ussatlyklaryny nusgalyk derejede ýokarlandyrdylar. Gürrüňi edilýän etraplarda, tutuşlygyna alanyňda, Balkan topragynda gök-bakjanyň, miweleriň ähli görnüşini ösdürip ýetişdirip bilmeýän daýhan, ýa-da hojalyk ýokdur diýsek hakykatdan daş düşmeris.
Şeýle-de bakjaçylar şeker-nabatdan süýji, baldan datly saýylýan gawunlary, garpyzlary, üýtgeşik nygmatlary ösdürip ýetişdirmekde her ýyl oňat netijeleri gazanýarlar. Munuň üçin ekerançylyk meýdanlarynda bakja ekinlerine agrotehniki möhletlerde bellenilen ideg işleri göwnejaý ýola goýulýar. Şonuň ýaly-da bol we ýokary hilli hasyl almakda geçen ýyllaryň baý iş tejribeleri öwrenilýär, welaýatyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, köp hasyl berýän, kesellere garşy durnukly, ýaramly görnüşleri saýlanyp alynýar. Şeýle möhüm meselede täze görnüşleri döretmek maksady bilen, seçgiçilik işleri-de geçirilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly-at myradyň mekany» ýylynda-da welaýatyň alyslara ýaýylyp ýatan meýdanlarynda gök-bakja ekinlerine ideg işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Şu ýyl welaýat boýunça agrotehniki talaplar esasynda ekiş geçirilen 2 müň 620 gektar bakja meýdanyndan 52 müň 400 tonna hasyl almak bellenilýär. Häzirki wagtda şeýle jogapkärli asylly maksada ýetmek üçin edermen hasyl ussatlary bol hasylyň düýbüni mäkäm tutýarlar.
Şanly ýylda janypkeş daýhanlar pagtadyr bugdaýdan başga-da beýleki oba hojalyk ekinleriniň-de bol hasylyny ýetişdirmegi maksat edinýärler. Şeýlelikde, welaýat möçberinde ýylyň dowamynda 2 müň 900 gektar meýdanda ýeralmanyň bol hasylyny ýetişdirip, 40 müň 600 tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär. Şonça ekin meýdanyň 1 müň 600 gektaryna ýazlyk ýeralma ekilip, ondan şu möwsümde 22 müň 400 tonna hasyl ýygnalar. Guramaçylykly ýagdaýda dowam edýän häzirki möwsümleýin işlerde-de «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri has-da ýokary işjeňlik görkezýärler. Olaryň birleşen tagallasy arkaly degişli agrotehniki möhletlerde guralýan işler yhlasly zähmetiň ýerine düşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Günbatar sebitiň kärendeçi daýhanlary ýaz möwsüminde jemi 1 müň 100 gektarda ekilen sogandan ýygnaljak hasylyň möçberini 27 müň 500 tonna ýetirerler. Ýaşyl begrese bürenen ýazyň mahmal möwsüminde welaýatda kelemdir käşiriň ekişi irki agrotehniki möhletlerde tamamlanyp, şu mahal ideg işleri günsaýyn gyzyşýar. Işleriň ýokary hil derejesini jogapkärli möwsümiň üstünlikli jemlenjekdigine güwä geçýär. Geljek hasylyň döwründe 230 gektar meýdandan ýygnaljak azyklyk kelemiň möçberi 5 müň 750 tonna, 470 gektar meýdana ekilen käşirden hem 8 müň 460 tonna hasyl alnar. Şeýle-de zähmetsöýer ekerançylar şu ýyl pomidoryň 16 müň 250, hyýaryň 1 müň tonnasyny ýygnap aljakdyklaryna pugta ynanýarlar.
Munuň özi daýhanlara, ýer eýelerine ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanyljak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda sebitiň ilatyny tebigy taýdan arassa, bäsleşige ukyply, islegli önümler bilen bolelin, ygtybarly üpjün etmäge giň mümkinçilik berer. Häzirki bahar paslynyň hoştap howaly günlerinden, amatly mümkinçiliklerinden peýdalanýan bakjaçylar hem bereketli hasylyň gözbaşy hasaplanýan gök-bakja ekinleriniň idegini kemsiz ýetirýärler. Arzyly önümleri ösdürip ýetişdirmekde döwlet derejesinde döredip berilýän hemaýat-goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň egsilmez alkyş, hoşallyk sözlerini beýan edýärler.