Ï Türkmenistan halkara maliýe monitoringi ulgamyna goşulyşmak we goralan ykdysady nusgany döretmek ugruna ygrarlydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan halkara maliýe monitoringi ulgamyna goşulyşmak we goralan ykdysady nusgany döretmek ugruna ygrarlydyr

view-icon 98
Türkmenistan halkara maliýe monitoringi ulgamyna goşulyşmak we goralan ykdysady nusgany döretmek ugruna ygrarlydyr
Türkmenistan halkara maliýe monitoringi ulgamyna goşulyşmak we goralan ykdysady nusgany döretmek ugruna ygrarlydyr
Türkmenistan halkara maliýe monitoringi ulgamyna goşulyşmak we goralan ykdysady nusgany döretmek ugruna ygrarlydyr
Türkmenistan halkara maliýe monitoringi ulgamyna goşulyşmak we goralan ykdysady nusgany döretmek ugruna ygrarlydyr

Aşgabatda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi. Bu abraýly çäre Ýewraziýa toparynyň 44-nji umumy mejlisiniň çäklerinde guralyp, kanun çykaryjylyk tejribesini alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Şu günki günde Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli maliýe howpsuzlygy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn strategiýa durmuşa geçirilýär. Pudagara özara hereketleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga we bu işi hil taýdan täze derejä çykarmaga aýratyn üns berilýär.

Forumyň dowamynda Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Batyr Baýlyýew Türkmenistanyň hukuk ulgamyndaky maksada gönükdirilen tagallalaryna bagyşlanan hasabat bilen çykyş etdi. B.Baýlyýew ählumumy maglumat tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde Ýewraziýa topary bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň berk binýadyny üpjün edýändigini nygtady.

Şeýlelikde, Türkmenistan FATF-niň (Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän toparynyň) standartlaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak üçin bar bolan tagallalaryny edýär, beýleki ýurtlaryň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ugrundaky tejribesini öwrenýär.

Açyk sanly gurşawy döretmek ýolunda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň biri hem «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny boldy.

«Geçen ýyl Türkmenistanda wirtual aktiwleri döretmekde, dolanyşyga girizmekde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän hem-de olaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanunçylyk namasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini kämilleşdirmek ugrunda möhüm ädim boldy» diýip, Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiň başlygy belledi.

B.Baýlyýew sanly maliýe ulgamyna global derejede geçilýän şertlerde wirtual aktiwleriň düzgünleşdirilmeginiň strategik taýdan möhüm artykmaçlyga öwrülýändigini tassyklady. Bu Kanun, öz gezeginde, wirtual aktiwler biržasyny öz içine alýan sanly maliýe bazary ýaly täze pudagy kemala getirýär, bu bolsa IT-medeniýetiň ösmegine oňyn täsir edýär.

Ýurdumyzyň toplumlaýyn howpsuzlygynyň ýene-de bir möhüm elementi hökmünde «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny galýar. B.Baýlyýew bu kadalaşdyryjy hukuk namasynyň birwagtda birnäçe iň möhüm wezipeleri ýerine ýetirýändigini ýatlatdy.

«Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň milli bähbitlerini we kibergiňişligiň terrorçylykly, harby we beýleki bikanun maksatlara ulanylmagyna ýol berilmezligini düzgünleşdirýär, kiberhowpsuzlyk çäreleri ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmek we kiberhaýbatlara garşy bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamak, kiberjenaýatçylyklaryň derňelmeginde we öňüniň alynmagynda tagallalary birleşdirmek üçin mümkinçilik döredýär» diýip, B.Baýlyýew aýtdy.

Häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň çäklerinde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy hem tassyklanyldy. Bu strategiýa emeli aň, bulut we maliýe çözgütleri ýaly öňdebaryjy tehnologiýalara geçmegi, şeýle hem elektron hökümet ulgamynyň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Geçirilen forum Türkmenistanyň halkara maliýe monitoringi ulgamyna goşulyşmak we goralan, innowasion ykdysady nusgany döretmek ugruna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.