Ï Türkmen-ýapon Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlary ara-alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-ýapon Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlary ara-alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 155
Türkmen-ýapon Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlary ara-alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Spikeri Eisuke Mori bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi we hyzmatdaşlygyň syýasy, parlamentara ugurlaryny ösdürmek babatda pikir alyşyşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Spiker E. Mori syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine ýokary baha berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa saparyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň aprel we dekabr aýlarynda Ýaponiýa bolan saparlarynyň ähmiýeti we bu saparlaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berendigi nygtaldy.

Şeýle hem, duşuşykda türkmen-ýapon syýasy we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň anyk ugurlary, şol sanda türkmen-ýapon Parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmek, Aşgabatda "Merkezi Aziýa + Ýaponiýa" Dialogynyň birinji parlamentara forumyny geçirmek we saglygy goraýyş, bilim, haýyr-sahawat we medeniýet ulgamlarynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň zenan parlamentarileriniň arasynda alyş-çalyş gurallaryny döretmek ara alnyp maslahatlaşyldy.