Ï Türkmenistanyň DIM-nde Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 27
Türkmenistanyň DIM-nde Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini bellediler. Hususan-da, döwletara dialogy berkitmekde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy.

Ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmek boýunça pikir alyşyldy.

Iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýän bilelikdäki çäreleri geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.