Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde UNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde UNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 107

2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirliginiň (UNOPS) Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory Simonetta Siligato bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň UNOPS bilen hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de birnäçe ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda howa gün tertibi, hususan-da parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen ekologik maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alşyldy. Saparyň maksady 2026–2030-njy ýyllar üçin Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça bilelikdäki maksatnamany işläp taýýarlamakdan ybarat boldy.

Taraplar Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça özara hyzmatdaşlygyň gurallaryna seredip geçdiler, şeýle hem ugurdaş edaralar boýunça bilermenler derejesindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar howa gün tertibi we durnukly ösüş babatda halkara hem-de sebit başlangyçlarynyň çäklerinde işjeň dialogy dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny nygtadylar.