Ï Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

view-icon 96
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Nýu-Ýorka amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we dürli ugurlar boýunça ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Syýasy-diplomatik dialogy pugtalandyrmaga, ýokary we iň ýokary derejedäki gatnaşyklary hem-de saparlary işjeňleşdirmäge, şeýle hem özara duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.

Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem taraplar halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de dürli halkara düzümlerinde iki ýurduň ýokary derejedäki özara goldawyny nygtadylar.

Geljekde geçiriljek ýokary derejeli halkara çäreleriniň taýýarlygyna, şeýle hem sebit we halkara meýdançalaryndaky bilelikdäki işleri mundan beýläk-de utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.