Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen, ylmy taýdan esaslandyrylan çuňňur mazmunly taglymatyny ynamly durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň agrosenagat toplumy uly ösüşlere eýe bolýar.
Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň gallaçy-kärendeçileri hem ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň, yhlasly zähmetiň netijesinde üstümizdäki ýylda 130 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasylyny kemala getirdiler. Indiki baş wezipe bolsa, jogapkärli galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek – ýetişdirilen hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak, Watan harmanyna tabşyrmak we ammarlarda kadaly saklamak bolup durýar. Gündogar sebitde ýakyn wagtda badalga aljak bu möhüm möwsüme ykjam taýýarlykly gelnendigini belläp geçmek buýsançlydyr. Häzirki wagtda welaýatyň ähli ýerinde galla oragyna taýýarlyk işleri tamamlanyp, welaýatda bar bolan galla kabul ediş nokatlarynyň ählisi hem bugdaý hasylyny bökdençsiz kabul etmäge we saklamaga doly taýýar edilipdir. Şonuň bilen birlikde «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň we onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli, kuwwatly galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 322 sanysy tehniki taýdan gözden geçirilip, orak möwsümine taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr. Welaýat boýunça jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek maksady bilen bugdaý orýan toparlaryň hem-de göçme meýdan düşelgeleriniň 113 sanysy döredilipdir. Kuwwatly kombaýnlara welaýatyň tejribeli, öz işine ussat mehanizatorlaryň 644-si erk ederler. Orak möwsüminde işleri iki iş çalşygynda alyp barmak meýilleşdirilýär. Jogapkärli möwsümiň dowamynda galla ýygnaýjy kombaýnlaryň gurat we bökdençsiz işlemeklerini gazanmak maksady bilen ýeterlik möçberde ätiýaçlyk şaýlary taýýar edilipdir hem-de kuwwatly tehnikalara tehniki hyzmat etmäge niýetlenen göçme ussahanalar, kombaýnlary çalgy ýaglary we ýangyç bilen üpjün edýän awtoulaglar hereket ederler. Bu bolsa ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda zaýasyz ýygnamaga ýardam eder. Gyzgalaňly döwürde bugdaý hasylyny ekin meýdanlaryndan galla kabul ediş nokatlaryna daşamaga awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň jemi 1 müň 500 töweregi çekilipdir. Orak möwsüminde kombaýnçylaryň, sürüjileriň meýdan şertlerinde dynç almaklary üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça hem degişli işleriň geçirilendigini bellemek bolar.
Jogapkärli möwsümde galla oragynyň dowam edýän ýerlerinde, galla kabul ediş nokatlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi tarapyndan ýörite usuly-amaly maslahatlaryň geçirilýändigini, kombaýnlaryň, bugdaý daşaýan awtoulaglaryň, galla kabul ediş nokatlarynyň ýangyn söndüriji enjamlar bilen üpjün edilendigini hem bellemek bolar.
Lebap welaýatynda bugdaý oragyny guramaçylykly we ýokary hil derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler sebitiň oba hojalykçylarynyň ýetişdirilen bol bugdaý hasylyny gysga döwürde ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrjakdyklaryna, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gallaçy daýhanlaryň öňünde goýan wezipelerini ynam bilen amal etjekdiklerine şaýatlyk edýär.