Türkmenistanyň paýtagtynda binagärlik, innowasiýalar we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi. Giň gerimli forumyň guramaçylary hökmünde Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Turkmen Energy Forum» kompaniýasynyň goldaw bermeginde çykyş etdi.
Forum şähergurluşyk we ekologiýa boýunça öňdebaryjy tejribeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin abraýly gepleşik meýdançasyna öwrüldi. Türkmenistanyň halkara institutlar bilen hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Maslahatyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň direktory Erfan Ali «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde bilelikdäki işiň häzirki esasy ugurlary barada gürrüň berdi.
«Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümeti we milli edaralary bilen hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykýar. Giňişleýin hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamak işi birnäçe aý öň başlandy, geçirilen forum bolsa onuň esasy ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi» diýip, BMG-niň düzüminiň wekili belledi.
E.Aliniň maglumatyna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Türkmenistandaky işi guramanyň ilatly ýerleriň durnukly ösüşine gönükdirilen mandatynyň çäklerinde alnyp barylar.
Teklip edilen maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda şäher meýilleşdiriş gurallaryny döwrebaplaşdyrmak, ýerli howa başlangyçlaryna goldaw bermek, ýaşaýyş jaý pudagynda energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, esasy jemagat we durmuş hyzmatlaryny ösdürmek hem-de goldamak, Smart City konsepsiýasynyň çäklerinde sanly we «akylly» çözgütleri ýurt derejesinde ornaşdyrmak ýaly ugurlar görkezildi.
E.Aliniň aýtmagyna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Türkmenistandaky işi bilen bagly amaly ädimleri ylalaşmak we geljekki taslamalaryň bukjasyny tassyklamak maksady bilen ýurdumyzyň döwlet edaralarynda birnäçe duşuşyk geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Energetika ministrliginde, Gurluşyk we binagärlik ministrliginde hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginde gepleşikler geçirildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) sebit direktory Aşgabatdaky ýubileý maslahatynyň ähmiýetli orny barada aýratyn nygtady.
«Forum Türkmenistanyň durnukly ösüş we energiýa netijeliligi ugurlaryndaky häzirki tejribesini çuňňur öwrenmäge, Hökümetiň we döwlet edaralarynyň durnukly abadan şäher gurşawyny üpjün etmek ugrunda edýän giň gerimli tagallalarynyň möçberine baha bermäge ajaýyp mümkinçilik döretdi» diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde E.Ali çäräniň ýokary derejede guralandygyny belläp, maslahat meýdançasynyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gatnaşyklary ýola goýmak we pikir alyşmak üçin amatly ýer bolandygyny aýtdy. Söhbetiň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) sebit direktory meýilleşdirilen hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin netijeli boljakdygyna we ýokary amaly netijeleri berjekdigine berk ynam bildirdi.